Palestiniň Saglygy goraýyş ministrligine görä, Ysraýylyň harby goşunynyň basyp alyşyk astyndaky Günbatar Şeriada ýerleşýän Ramallahyň gündogaryndaky Silwad etrapçasynda od açandygy sebäpli 1 palestinli ýogaldy.
Saglygy goraýyş ministrligi 37 ýaşyndaky Abdulhalim Ruhi Hammadyň çarşenbe güni ir ertir Ysraýyl tarapyndan atylyp öldürlendigini habar berdi.
Ysraýylyň Hammadyň jesedini hossarlaryna bermändigi nygtaldy.
Şaýatlaryň Anadoly habarlar gullugyna beren maglumatyna görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri etrapçada palestinlileriň öýlerini ýeke-ýekeden barlady.
Esgerler ýerli wagt bilen 01.30-da başlan reýtde Ruhi maşgalasynyň öýünden ýaralanan bir adamy çykardy.
Ysraýylyň harby goşuny bolsa, Silwad obasynda harby güýçleriniň geçiren operasiýasynyň çäginde 2 adamyň ysraýylly 2 esgere hüjüm edendigini, ýaralanan esgerleriň hassahanada bejergi astyna alynandygyny öňe sürdi.
Bu waka Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gaza garşy başladan genosid söweşinden bäri basyp alyşyk astyndaky Günbatar Şeriadaky operasiýalaryň gün saýyn artýandygyny görkezýär.
Palestiniň Ýesirler jemgyýetine görä, ady agzalýan etapda 23 müňden gowrak adam saklandy.



















