Prezident Erdogan Türkiyäniň Gündogar Ortaýer deňzinde öjükdirmelere çydam etmejekdigini aýtdy
Prezident Erdogan Ankaranyň Gündogar Ortaýer deňzinde ýurduň we Kipr türk halkynyň bähbitlerine garşy artýan öjükdiriş hereketlerine we howplara ýakyndan gözegçilik edýändigini habar berdi.
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Mawy Watanda eden-etdilige, ogurlyga, we garakçylyga asla ýol berilmejekdiginiň bilinmegini isleýändigini nygtady.
Prezident diwany tarapyndan paýlaşylan Täze ýyl gutlagynda Erdogan, çarşenbe güni Ankaranyň Gündogar Ortaýer deňzine ýurduň we Kipr türk halkynyň bähbitlerine garşy artýan öjükdirmelere we howplara ýakyndan gözegçilik edýändigini habar berdi.
Erdogan Siriýada parahatçylygyň ornaşmagy bilen meýletin gaýdyp gidýänleriň sanynyň hem köpelýändigini aýtdy we geçen ýylda 600 müň siriýalynyň öz ýurtlaryna gaýdyp gidendigini mälim etdi.
Erdogan Türkiyäniň etniki ýa-da messep tapawutlaryna garamazdan, Siriýa halkynyň parahatçylygy we howpsuzlygy üçin Siriýanyň täze hökümetine goldaw berjekdigini nygtady.
Gazanyň hem üstünde durup geçen Erdogan Türkiyäniň aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 71 müň palestinalynyň ölümine sebäp bolanlaryň jogapkärçilige çekilýänçä çenli sessiz galmajakdygyny belläp, Ysraýylyň hüjümlerini bes etmek, Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini çaltlaşdyrmak we täzeden dikeltmegiň başlanmagyna mümkinçilik döretmek üçin işjeň iş alyp barýandygyny habar berdi.