Ysraýyl güýçleri we bikanun ýaşaýjylar Günbatar Şeriada guran hüjümlerinde iki palestinalyny öldürdi

Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada güýçlenýän hüjümleriniň netijesinde 1063-den gowrak palestinaly öldürildi.

Günbatar Şeria

Resmi metbugatyň habaryna görä, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada bikanun ysraýylly ýaşaýjylar we Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan guralan hüjümde iki ýaş palestinaly öldürildi.

WAFA habarlar agentliginiň duşenbe güni beren maglumatyna görä, 19 ýaşly Ahmed Rubhi al-Atraş, Al-Halil şäheriniň demirgazyk girelgesinde bikanun ysraýylly ýaşaýjylar tarapyndan ýakyn aralykdan kellesine atylyp öldürilidi.

Agentligiň şaýatlarynyň ahabar bermegine görä, Ysraýylyň harby güýçleri Gyzyl Haç lukmançylyk toparlarynyň Al-Atraşa ýetmegine päsgel berdi, atylan ýaş ýigit gan ýitgisinden ýogaldy. Onuň jesedi maşgalasynyň şahsyýetini anyklamak üçin çagyrylamagyndan soň alynyp bilindi.

Başga bir wakada bolsa Saglygy goraýyş ministrligi 17 ýaşly Jemil Atif Hannaniniň ýekşenbe güni agşam Nablus şäheriniň gündogaryndaky Beýt Furik şäherçesinde Ysraýylyň harby güýçleriniň geçiren reýdinde alan agyr ýaralaryndan ýogalandygyny yglan etdi.

Palestinanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti Hannaniniň döşünden hakyky ok bilen atylyp öldürilendigini we Rafidiýa döwlet hassahanasyna geçirilendigini we şol ýerde aradan çykandygyny mälim etdi.

Palestin habar çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada hüjümleri artmak bilen birlikde, häzirki wagta çenli 1063-den gowrak palestinaly öldi we 10300-si ýaralandy.