ABŞ Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň işgärleriniň ýurtdan çykmagyny isledi

Bu görkezme Saud Arabystanynyň Al-Harž welaýatyna bir raketanyň gelip düşmegi neticesinde iki adamyň ölendigi barada berilen beýannamadan soň berildi.

By
ABŞ Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň işgärleriniň ýurtdan çykmagyny isledi / Reuters

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygy Ýakyn Gündogarda artýan howpsuzlyk töwekgelçilikleri sebäpli “adatdan daşary ýagdaýa degişli bolmadyk hökümet gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň” Saud Arabystanyndan çykmagyny buýurýandygyny beýan etdi.

Ýekşenbe güni berilen gysga beýannamada şol kararyň howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň dowam edýändigi sebäpli Amerikan raýatlarynyň we diplomatik gullukçylarynyň howpsuzlygyny üpcün etmek maksady bilen kabul edilendigi habar berildi.

Ministrlik buýrugyň kabul edilmegine sebäp bolan howplar hakynda maglumat bermedi, emma bubaşlangyç sebitde möwceýän harby dartgynlyklaryň dowam edýän günlerine gabat geldi.

Şeýle ýagdaýlarda ABŞ umuman potensial howpsuzlyk töwekgelçiliklerine sezewar bolan ýurtlardaki zerur bolmadyk gullukçylaryň sanyny azaldýan bolsa, işin yzgiderliligini üpcün etmek üçin belli bir sandaky diplomatik gullukçylarynyň howpsuzlygyny üpcün edýär.

Saud Arabystany ýekşenbe güni Al Harž welaýatyna bir raketanyň gelip düşmegi neticesinde iki admyň ölendigini, 12 adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

Eýran, ABŞ-nyň we Ysraýylyň 18-nci fewralda ýurduň ýokary ýolbaşçysy Ali Hameneiniň ölmegine sebäp bolan hücümden soň ar almaga kasam etdi.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan şenbe güni goňşy ýurtlara guralan hücümler üçin ötünç sorady emma soň şol ýurtlardan Eýrana hücüm guralan halatynda Eýranyň “gaýtawul görkezmäge mecbur bolcakdygyny” aýtdy.