DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň Ukraina guran soňky hüjümlerinde onlarça adam ýaralandy
Russiýanyň düýn gije Ukraina guran dron we raketa hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.
Russiýanyň Ukraina guran soňky hüjümlerinde onlarça adam ýaralandy
Russiýanyň Ukraina guran soňky hüjümlerinde onlarça adam ýaralandy / Reuters

Russiýanyň düýn gije Ukraina guran uly hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Moskwa Ukrainanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Dnepr şäherini we töweklerini nyşana alan hüjümlerinde 660-dan gowrak dron we raketa ulandy.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý sosial mediadan beren habarnamasynda “Ruslar tutuş gije Dnepr bilen birlikde beýleki şäherlerimizi we ilatly ýerlerimizi bombalady” diýdi

Dnepr şäheriniň gubernatory Oleksandr Hanzha, rus hüjüminde nyşana alynan binadan 2 adamyň jesediniň çykarlandygyny, 5 adamyň hem harabalygyň aşagynda galandygynyň öňe sürülýändigini nygtady.

Hanzha rus hüjümleri sebäpli şäherde 21 adamyň ýaralandygyny belledi.

Çernigow sebitinde hem Russiýanyň guran dron we raketa hüjümlerinde 2 adamyň ýogalandygy, 7 adamyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý “Şuňa meňzeş hüjümler ýaranlarymyza ýagdaýyň nähili möhümdigini we howa goranyş ulgamlarymyzyň gysga wagtda güýçlendirilmeginiň gerekdigini ýatlatmaly” diýdi.

Ukrainanyň Howa güýçleri, Telegramdan beren habarnamasynda, Russiýanyň Ukraina 619 dron bilen 47 raketa atandygyny, şolardan 580 dron bilen 30 raketanyň urlup düşürlendigini habar berdi.

Russiýa Ukraina garşy her gije onlarça dron bilen hüjüm guraýar.

 

Öwren
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok