Ysraýylyň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä Ýewropanyň resmileri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýanyň käbir böleklerini anneksiýa etmek meýilnamasy sebäpli Ysraýyla berk duýduryş berdiler.
Ysraýylyň Kanal 12 atly telewideniýe kanalynyň habar bermegine görä, ýewropaly resmiler ýekşenbe güni basyp alyşlyk astyndaky Palestinanyň territoriýasynyň käbir böleklerini anneksiýa etmek baradaky ähtimallygyny gün tertibe getiren Ysraýylyň hökümetine berk ýüzlenme berdiler.
Ýewropaly resmiler: "Premýer-ministr Benýamin Netanýahu we onuň hökümeti Ýakyn Gündogarda gurlan ähli zady ýok etmek isleseler, netijelerine duçar bolarlar" diýip duýduryş berdiler.
Duýduryş Netanýahunyň Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň we Awstraliýanyň Palestinany döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar etmeklerinden soň Ysraýylyň Günbatar Şerianyň käbir böleklerini anneksiýa edip biljekdigi barada beýanat bermeginden soň berildi.
Ysraýylyň premýer-ministrlik ofisi tarapyndan çap edilen wideo habarda Netanýahu Palestinany ykrar edýän ýurtlaryň "terrorçylygy sylaglandyrýandygyny" öňe sürdi.
Ysraýylyň Palestina döwletiniň ykrar edilmeginiň öňüni öňden bäri alýandygyna ünsi çeken genosid jenaýatçysy Netanýahu, bu pozisiýasyny dowam etdirjekdikleri barada wada berdi.












