SYÝASAT
1 minut okamak
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Hytaýyň Döwlet geňeşiniň başlygynyň orunbasary Han Çžen Koreýa Respublikasynda geçiriljek Szinpin-Tramp duşuşygyndan ozal beren beýanatynda ABŞ-nyň Kongresiniň agzalarynyň iki ýurduň arasyndaky aragatnaşygy dowam etdirjekdigine umyt bildirdi.
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy / Reuters
22 Oktýabr 2025

Hytaýyň Döwlet geňeşiniň başlygynyň orunbasary Han Çžen ABŞ bilen "hyzmatdaşlyk we dostluk" gatnaşyklaryny ösdürmek hakynda çagyryş etdi. Bu çagyryş Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Koreýa Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygynyň öň ýanynda berildi.

Han döwlet eýeçiligindäki “CGTN” habar teleýaýlymyna beren beýanatynda iki ýurduň "hyzmatdaş we dost" bolup biljekdigini aýtdy. Iki ýurduň giňiş umumy bähbitleriniň bardygyny we hyzmatdaşlyk üçin geljekden umytlydygyny nygtap geçdi.

Han bu beýanaty ABŞ-nyň Oregon ştatynyň Senatynyň Başlygy Rob Wagner bilen geçirilen duşuşygynda berdi.

Han ABŞ bilen "özara hormat goýmak, parahatçylykly şertlerde bilelikde ýaşamak we iki tarap üçin bähbitli hyzmatdaşlyk" esasynda işleşmegi arzuw edýändigini aýtdy. Şeýle hem, dünýäniň iň güýçli iki ykdysadyýetiniň täze eýýamda özara gatnaşygy üçin "dogry ýoly" bilelikde tapmagyň möhümdigini nygtady.

Han Wagneriň we onuň kärdeşleriniň iki ýurduň arasyndaky aragatnaşyklary dowam etdirjekdigine, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrjakdygyna we Hytaý bilen ABŞ-nyň halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyny ösdürmekde görelde görkezjekdigine umyt bildirdi.

Wagner bolsa öz gezeginde halkara derejede hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady we Oregon ştatynyň Hytaý bilen "dostlukly hyzmatdaşlygyny" güýçlendirmek üçin kanun taslasyny kabul edendigini aýtdy.

Öwren
BMG ABŞ-nyň Kuba goýan nebit embargosyna alada bildirýär
Türkiýe DKTR bilen täze ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşar
Gresiýanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
ABŞ Gaza parahatçylyk sammitini geçirer
Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-niň Giňelmekden jogapkär ýokary wekili bilen duşuşdy
6-njy fewralda başdan geçirlen ýer titremesinden soň gaýtadan dikeldiş işleri dowam edýär
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy