Daşary işler ministri Hakan Fidan "Umumy Goranmak üçin Mekke Ylalaşygy: Daşary işler ministrleriniň maslahatyna" gatnaşdy we Saud Arabystany we Pakistanly kärdeşleri bilen ylalaşygyň guramalaşdyrylmagy tapgyryny ara alyp maslahatlaşdy.
Daşary işler ministrliginden alnan maglumatlara görä, Fidan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) 81-nji Baş Assambleýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçirilen "Umumy Goranmak üçin Mekke Ylalaşygy: Daşary işler ministrleriniň maslahatyna" gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda ministr Fidan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan we Pakistanyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen hem duşuşdy.
Maslahatda ylalaşygyň çäginde amala aşyryljak hyzmatdaşlygy guramalaşdyrmak maksady bilen tehniki derejede dowam edýän gepleşikleriň soňky sepgidi seljerildi.
Maslahatda mundan başgada geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän "Strategik syýasy we goranmak komitetiniň" indiki mejlisine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.























