SYÝASAT
2 minut okamak
Pakistana Hindistana degişli 5 harby uçary we drony urup düşürdi
Pakistanyň Goranmak ministri Khawaža Asif, Hindistanyň Pakistana guran hüjüminde asuda ilatdan 8 adamyň ýogalmagyndan we 35 adamyň ýaralanmagyndan soň Pakistanyň howa güýçleriniň Hindistana degişli 5 uçary urup düşürendiklerini mälim etdi.
Pakistana Hindistana degişli 5 harby uçary we drony urup düşürdi

Pakistanly ýolbaşçylar we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Hindistanyň Pakistana guran raketa hüjümlerinde 8 adamyň ýogalmagyndan, 35 adamyň ýaralanmagyndan we 2 adamyň ýitmeginden soň Pakistanyň howa güýçleriniň Hindistana degişli 5 uçaryň urlup düşürlendigini mälim etdi.

Pakistanyň Goranmak ministri Khawaža Asif, çarşenbe güni Hindistana degişli 5 harby uçaryň urlup düşürlendigini aýtdy.

Ministr Asif, Bloomberge “Harby hüjümler bes edilse, Hindistan bilen gepleşik geçireris. Dartgynlygyň möwjemegini islemeýäris” diýdi.

Pakistanyň harby goşunynyň metbugat sekretary general-leýtenant Ahmed Şerif Çaudri, “Roýter” habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Pakistanyň Hindistan tarapyndan ulanylan üç Rafale uçaryny, bir Sukhoi SU-30 we bir MİG-29 uçaryny urup düşürendigini aýtdy.

Hindistanyň hökümetine ýakyn çeşmeler, “Roýter” habarlar gullugyna beren beýannamasynda, üç harby uçaryň Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmirde urlup düşürlendigini tassyklady.

Pakistanyň Maglumatlar ministri Attaullah Tarar TRT Worlde beren beýannamasynda, jedelli Kaşmirdäki Akhnur sebitinde bir uçaryň Hindistanyň Ambala şäherinde bir uçaryň we Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde hem bir dronyň urlup düşürlendigini aýtdy.

Pakistanyň harby goşunynyň metbugat sekretary Hindistanyň käbir goranyş desgalarynyň hem hatardan çykarlandygyny nygtady.

Hindistan, Pakistan tarapyndan öňe sürlen garaýyşlara heniz jogap bermedi.

Pahalgam hüjümden soňky ýagdaý

Ýadro ýaragyna eýe iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlyk, Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde 22-nji aprede guralan we 26 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň has-da möwjedi.

Hindistan hiç hili subutnama görkezmeden hüjümden Pakistanyň jogapkärdigini öňe sürdi.

Pakystan bu garaýyşlary ret etdi we bitarap ýagdaýda derňew işiniň geçirilmegini teklip etdi.

Hindistan bolsa Pakistanyň bu teklibini kabul etmedi.

Kaşmir, 1947-nji ýyldan bäri Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky düşnüşmezligiň merkezinde ýerleşýär. Iki ýurt hem sebitiň özüne degişlidigini öňe sürýär, emma diňe her biri bir bölegine gözegçilik edýär.

Pahalgam hüjüminden soň iki ýurt hem berk howpsuzlyk çärelerini gördi.

Hindistan, Pakistan bilen baglaşylan Indus suw şertnamasyny bes etdi we gury ýer geçelgesini ýapdy.

Ýekşenbe gününden başlap Pakistanyň raýatlaryna berilen wizalary bes etdi.

Pakistan hem Hindistanyň raýatlaryna berlen wizalary bes etdi we howa giňişligini Hindistanyň howa ýollaryna ýapdy.

Goňşusy bilen söwda gatnaşyklaryny bes etdi we Hindistan bilen baglaşylan Simla şertnamasyny saklady.

Şertnama 1972-nji ýylda parahatçylygy ýola goýmak we esasan Kaşmir düşnüşmezligini çözmek maksady bilen baglaşylypdy.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ysraýyl 2 ýyl soň ahyry 5 ýaşyndaky Hind Ražaby öldürendigini boýun aldy
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň Premýer-ministri Takaiçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümlerine goldaw bermäň”
Eýran: “Ysraýyl ABŞ bilen gazanylan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini bökdeýär”
Ýaponiýa: “ABŞ bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýseň möhüm”
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Tramp, ABŞ-Eýran gepleşiklerini bökdän halatynda Omany bombalamak bilen hemle atdy
Tramp: “Esasy maksadymyz Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak”
Papa Ysraýylyň palestinlilere edýän zulumynyň bes edilmegi üçin çagyryş berdi
Türkiýe dost we doganlyk ýurt Pakistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Fidan Fransiýanyň we Germaniýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýranyň Daşary işler ministri: ABŞ bilen hiç hili gepleşik geçirmeýäris”
Türkiýe-Yrak gatnaşyklarynda täze tapgyr: Deňagramlylyklar üýtgär
YHG Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we Pakistanyň arasyndaky taryhy şertnama kanagatlanma bildirdi
Saud Arabystany we Pakistan bilen baglaşylan şertnama haýsydyr bir ýurdy nyşana almaýar
BMG Pakistanyň demirgazyk günbatarynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Ysraýylyň Diaspora Ministri;  “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”
Prezident Erdogan iş sapary bilen Saud Arabystanyna gitdi
Ministr Fidan: “Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygy we asudalygy biri-biri bilen arabaglanşykly”
81 ýyl ozal ABŞ-nyň ýadro hüjümine sezevar bolan Hiroşimada ýadro garşy çagyryş edildi