SYÝASAT
2 minut okamak
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Hytaý, Owganystandaky we Pakistandaky raýatlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini isledi.
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi / AP
Duş 16 Ýek

Anna güni Owganystana we Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş beren Pekin, başdan geçirilýän soňky wakalara alada bildirýändigini mälim etdi.

Resmi Pekin çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin taraplar bilen gepleşik geçirendigini aýan etdi.

Pakistan Hytaýyň sebitdäki iň ýakyn ýaranlaryndan biri, emma Pekin şol bir wagtda özüni Owganystana “dost goňşy ýurt” hökmünde görýär.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Ning, Pakistanyň anna güni paýtagt Kabul bilen birlikde Owganystanda birnäçe şähere hüjüm guramagyndan soň, resmi Pekiniň çaknyşyklaryň möwjemegine alada bildirýändigini aýtdy.

Mao Ning metbugata beren beýannamasynda “Hytaý iki tarapa parasatly çemeleşmekleri we gysga wagtda hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş edýär” diýdi.

Ning, “Hytaý, Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin tagalla etmäge dowam edýär. Daşary işler ministrligi we Hytaýyň Pakistandaky we Owganystandaky ilçihanalary mesele bilen arabaglanşykly degişli taraplar bilen birlikde işleşýär” diýdi.

Pakistan bilen Owganystanyň arasynda guralan hüjümlerden soň, Pakistanyň Goranmak ministri goňşy ýurtlaryň arasynda “söweşiň” başlandygyny yglan etdi.

Hytaý halkara taslamalaryň çäginde transport, energetika we infrastruktura taslamalaryna goldaw bermek üçin Pakistana on milliardlarça dollar berdi.

Pakistan Hindistan bilen maý aýynda bolan çaknyşykda Hytaýda öndürlen harby enjamlary ulandy.

Pekin şol bir wagtda 2021-nji ýylda Talibanyň hakimiýetiň başyna gelmeginden soň Owganystanyň iň ýakyn hyzmatdaşlaryndan biri boldy.

Hytaý, Pakistandan we Owganystandan raýatlarynyň, durmuşa geçirilýän taslamalaryň we degişli guramalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini isledi we mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny mälim etdi.