Sudanyň Lukmanlar bileleşigi anna gijesi Günorta Sudanyň, Günorta Kordofan etrabynda magdan käninde bolan partlama sebäpli 6 adamyň ýogalandygyny, 12 adamyň ýaralanandygyny we onlarça adamyň harabalygyň aşagynda galandygyny mälim etdi.
Jemgyýetçilik guramalary ýary gije Abu Jubeýha etrapçasyndaky altyn käninde bolan heläkçilikde 6 işçiniň ýogalandygyny, 12 adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.
Beýannamada, gözleg we halas ediş işleriniň depgininiň güýçlendirilmegi we ýaralananlara gyssagly lukmançylyk kömeginiň berilmegi üçin çagyryş edildi.
Gurama tarapyndan berlen beýannamada şuňa meňzeş betbagçylyklaryň goralmagy üçin hökümetiň degişli çäre görmelidigi nygtaldy.
Beýnnamada wakanyň jogapkärleriniň jezalandyrylmagy we şuňa meňzeş heläkçilikleriň öňüniň alynmagy üçin anyk çäreleriň görülmegi talap edildi.
Sudandaky magdan känlerinde 2 milliondan gowrak işçi işleýär. Agyr şertlerde işleýän işçiler ýurduň jemi altyn önümçiliginiň 80 göterimini çykarýar.
Sudanyň hökümeti el bilen magdanyň çykarylmagy gadagan etmedi emma degişli kanuny üýtgetmeleriň üstünde işleýär.
Sudan 2011-nji ýylda Günorta Sudandan aýrylandan soň nebit girdejisiniň 3/4, walýuta girdejisiniň bolsa 80 göterimini ýitirdi.
Altyn Sudan üçin esasy walýuta girdejisi bolmagynda galýar.












