Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde iýul aýynyň 2-4-i aralygynda Türkiýede saparda bolar.
Myhman Premýer-ministr Şerifiň saparynyň çäginde ykdysadyýetden transporta, söwda gatnaşyklaryndan goranyş senagatyna çenli birnäçe ugur boýunça edilýän özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.
Şahbaz Şerifiň saparynyň çäginde özara we toparara gepleşikleriň we Türkiýe-Pakistan işewürler maslahatynyň geçirilmegine garaşylýar.
Prezident Erdogan bilen Pakistanyň Premýer-ministri Şerif iki ýurduň arasyndaky syýasy we diplomatik gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşar.
Saparyň çäginde soňky ýyllarda esasan söwda, ykdysadyýet, goranyş senagaty we energetika pudagynyň başda durmagynda birnäçe ugurda edilýän özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşylmagyna garaşylýar.
Özara söwda mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär
Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň mukdary geçen ýyl 1,2 million dollardan geçdi.
Şol mukdaryň 866,5 million dollaryny Türkiýäniň Pakistana eden eksporty emele getirdi.
Türkiýäniň üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýynda Pakistana eden eksporty 196,4 million dollara barabar boldy.
Importy bolsa 103,5 million dollara ýetdi. Saparyň çäginde baglaşyljak täze şertnamalar bilen özara söwda mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär.
Beýleki tarapdan soňky görkezijilere görä türk potratçylary Pakistanda 2 milliard dollarlyk maýa goýdy.




















