Slowakiýanyň Premýer-ministri Robert Fiko, ýekşenbe güni beren beýannamasynda, hökümetiniň ÝB-niň Ukraina harby taýdan kömek berilmegi baradaky teklibine goldaw bermejekdigini aýan etdi.
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Premýer-ministr Fiko, metbugata beren beýannamasynda, Slowakiýanyň ÝB-niň Ukraina harby taýdan kömek berilmegi baradaky meýilnamasyna garşydygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Premýer-ministr Fiko, ÝB-niň öňümizdäki ýyllarda Ukraina 140 milliard ýewrolyk ýagny 162 milliard dollarlyk kömegiň berilmegi baradaky meýilnamasyny “ÝB-niň iň uly ýalňyşlygy” hökmünde häsiýetlendirdi.
Russiýa goýlan sanksiýalar
Premýer-ministr Fiko Russiýa goýlan sanksiýalary hem berk tankyt etdi
Fiko şol sanksiýalaryň Moswa däl eýsem ÝB-ne agza ýurtlara uly zeper ýetirýändigini belledi.
NATO we ÝB-ne agza bolan Slowakiýa ozal Ukraina ölüm howpy bolmadyk kömek beripdi, emma Fikonyň soňky beýannamalary Ukraina harby taýdan kömek berilmegine garşy durýandygyny görkezýär.









