Belgiýaly ministr "Moskwany kartadan ýok etmek bilen" hemle atdy

Teo Franken Russiýanyň Brýussele garşy islendik raketa hüjüminiň NATO-nyň aýgytly jogabyna sebäp boljakdygyny aýtdy.

Belgiýanyň Goranmak ministri

Belgiýanyň Goranmak ministri Teo Franken Russiýa berk duýduryş berip, Brýussele guraljak islendik raketa hüjüminiň NATO-nyň aýgytly jogabyna sebäp boljakdygyny aýtdy.

Franken duşenbe güni “De Morgen” gazetine beren interwýusynda: “Eger (Russiýanyň Prezidenti Wladimir) Putin Brýussele raketa atsa, biz Moskwany kartadan ýok ederis” diýip, NATO-nyň umumy goranyş meselesine ygrarlydygyny nygtady.

Franken, prezident Donald Trampyň döwründe ABŞ-nyň NATO-a bolan ygrarlylygy baradaky şübheleri tankytlap: "Ýewropada Amerikan hökümetine garşy garaýyş şeýle uly welin, ynanyp bolmajak derejede... Tramp Amerikanyň NATO ýaranlaryny 100 göterim goldamagyny dowam etdirjekdigini aýtdy. Brýussele ganatly raketamy? Bu nähili kesgitlemäni ulansaňyzam, aýdyň. Putin hem şeýle etmez" diýdi.

Şeýle-de bolsa, Fanken Russiýanyň harby mümkinçiliklerini pes baha bermekden saklanmalydygyny duýduryp: "Ruslar özleriniň harby mümkinçiliklerini artdyrdylar. Olaryň harby ykdysadyýeti NATO-nyň jemi öndürýän mukdaryndan dört esse köp ok-däri öndürýär. Ýewropanyň hatda merkezi serkerdeligi hem ýok" diýip belledi.

Belgiýaly ministr Russiýanyň Ukrainadaky urşuna ünsleri çekip: "Sebäbi olar tutuş Günbatara garşy söweşýärler! Ukrainalylar biziň ýaraglarymyz, ok-därilerimiz we pulumyz bilen söweşýärler. Bolmasa, olar köp wagt öň basylyp ýatyrylardy" diýdi.

"Hytaý urşuň dowam etmegini isleýär"

Geljek bilen bagly Franken Günbatara garşy rus-hytaý bilelikdäki çagyryşynyň mümkinçiligini kabul etdi.

Franken: "Hytaý Günbatary gowşadýandygy üçin Ukrainadaky urşuň uzaga çekmegini isleýär. Ol rus çig mallaryny köp mukdarda satyn alýar, ýarag bilen üpjün edýär we Putiniň Demirgazyk Koreýa goşunlaryny ýerleşdirmegine örän razy" diýip aýtdy.

Belgiýanyň goranmak ministri Teo Franken: "Men Russiýanyň Baltika ýurtlaryna uly hüjüm etmeginiň ähtimal däldigini pikir edýärin. Galyberse-de, olar NATO agzalary. Biziň Ýewropada tiz wagtda alty ýüz F-35 uçarymyz bolar: ruslar olardan gorkýarlar, sebäbi olary görüp bilmeýärler" diýdi.