TÜRKIÝE
1 minut okamak
Erdogan: Hamas şertnamany berjaý edýär, emma Ysraýyl ony bozmagyny dowam etdirýär
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gazanyň dikeldilmegi meselesi boýunça Pars aýlagy ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşyklar geçirdi. Erdogan Kuweýtiň, Kataryň we Omanyň Gazanyň dikeldilmegi üçin tagalla etmäge berk ygrarlydyklaryny aýtdy.
Erdogan: Hamas şertnamany berjaý edýär, emma Ysraýyl ony bozmagyny dowam etdirýär
Rejep Taýýip Erdogan
24 Oktýabr 2025

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Gazada iş alyp barjak halkara iş toparyny döretmek baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini we jikme-jiklikleriň henizem anyklaşdyrylýandygyny aýtdy.

Erdogan anna güni Kuweýt, Katar we Oman döwletlerine guran saparyndan gaýdyşyn uçarda žurnalistlere beýanat berdi. Erdogan: "Bu köp gatlakly mesele bolany üçin, giňişleýin gepleşikler geçirilýär. Biz bu meselede Gaza ähli goldawlary bermäge taýýar. Infrastruktura işlerimiz häzirki wagtda dowam edýär" diýip habar berdi.

Türkiye Gazany durnuklaşdyrmak we durnuksyz ýaraşyk baradaky ylalaşygyň dowam etmegini üpjün etmek üçin halkara tagallalaryny artdyrmaga synanyşýar.

Erdogan şeýle diýdi: "Hamas tarapy ok atyşlygy bes etmek baradaky şertnamany berjaý edýär. Aslynda, olar bu meselede öz tutanýerliliklerini açyk beýan etdiler. Emma Ysraýyl ok atyşlygy bes etmek baradaky şertnamany bozmagyny dowam etdirýär. Halkara jemgyýetçiligi, esasanam ABŞ, Ysraýylyň ok atyşlygy we ylalaşygy doly berjaý etmegini üpjün etmek üçin has köp tagalla etmeli" diýip beyan etdi.

Erdogan bu tapgyrda Ysraýyla ýeterlik diplomatik basyş etmegiň zerurdygyny aýtdy we sanksiýalaryň we ýarag satuwynyň togtadylmagynyň Ysraýyly öz borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mejbur edip biljekdigini belledi.

Öwren
Türkiye kiber içalylyk bilen bagly geçiren reýdlerinde şübhe astyndaky iki adamy tussag etdi
Erdogan bilen Dibeýbe Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”
Türkiye Gazadaky ýaraşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi
Türkiye Gazada ýaraşygyň ýol meýilnamasyny maslahatlaşmak üçin Stambulda Hamas bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýada saparda bolýar
Altaý tanky Türkiýäniň goranyş güýji we global maksatlary üçin täze bir döwri delillendirýär
Türkiye noýabr aýynda Siriýa üstaşyr transport gatnawyny başladar
Türkiýe Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna görä hereket eder
Fidan: Ysraýyl Gazadaky ýaraşygy sabotaž etdi we onuň jogabyny bermeli
Erdogan: Türkiye goranyş taslamalary boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny tizleşdir
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler
Ýylmaz: Türkiye goranmak senagaty boýunça egilşik etmez
Stambulda geçiriljek 9-njy TRT World forumynda dialog we adalat çagyryşy berler
Türkiýe seýrek ýer elementleriniň global bazarynda güýçli pozisiýa eýelemegi maksat edinýär
Türkiye Sudana çagyryş berdi: Al-Faşirdäki çaknyşyklar dessine bes edilsin
Türkiye Ysraýyly berk ýazgardy: "Gazada ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk aç-açan bozuldy"
Türkiye Respublikanyň esaslandyrylmagynyň 102 ýyllygyny belläp geçýär
Türkiye ilkinji gezek köpçülikleýin ýagdaýda öndürilen Altaý tanklaryny TÝG-ne gowşurýar