SYÝASAT
2 minut okamak
Kanadada yslamofobiýa we Palestine garşy ýigrenç jenaýatlary 1,800 göterim ýokarlandy
“Palestindäki Adatdandaşarylygy Resmileşdirmek" atly hasabatda Kanadadaky jemagatlaryň başdan geçirýän ýagdaýlarynyň diňe bir bölegini görkezýändigi aýdylýar.
Kanadada  yslamofobiýa we Palestine garşy ýigrenç jenaýatlary 1,800  göterim ýokarlandy
Kanadada yslamofobiýa we Palestine garşy ýigrenç jenaýatlary 1,800 göterim ýokarlandy / Reuters Archive

Kanadada 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýylyň Gaza garşy başlatan urşundan soň ýigrenç bilen bagly wakalaryň aladalandyryjy derejede artdandygy barada täze bir hasabat çap edildi. Käbir sebitlerde yslamofobiýa we Palestine garşy ýigrenç bilen bagly jenaýatlaryň 1,800 göterime çenli ýokarlanandygy bellenilýär.

Çarşenbe güni çap edilen we Ýork uniwersitetiniň Yslamofobiýany öwreniş merkeziniň işgäri Nadia Hasanyň taýýarlan "Palestindaky Adatdaşarylyk" atly hasabatynda soňky 21 aýyň dowamynda yslamofobiýanyň Palestine garşy rasizmiň (APR) we araplara garşy rasizmiň (AAR) "düýpli we howply" derejede artandygy beýan edilýär.

Hasan Ottawada geçirilen metbugat ýygnagynda: "2023-nji ýylyň oktýabryndan soň Kanadada Palestine garşy rasizm, yslamofobiýa we araplara garşy rasizm ençeme kanadalynyň durmuşyna hem-de işine täsir ýetirdi" diýip belledi.

Hasabatda Kanada iş alyp barýan 16 gurama bilen geçirilen maslahatlaryň, jemgyýetçilik maglumatlaryň we metbugat habarlarynyň esasynda,Torontonyň Polis gullugynyň 2023-nji ýylyň 7-20-nji noýabry aralygynda Palestina garşy we yslamofobiýa bilen bagly jenaýatlaryň bir ýylyň dowamynda 1,600 göterim ýokarlanandygyny bellenilýär.

Kanadanyň Hasabat gullugynyň maglumatlaryna görä 2023-nji ýylda musulmanlara garşy ýigrenç bilen bagly jenaýatlar 94 göterim, araplara we Günbatar Aziýalylara garşy jenaýatlar bolsa 52 göterim ýokarlandy.

Kanadanyň Musulmanlarynyň Milli Geňeşi (NCCM) 7-nji oktýabrdan soňky bir aýyň dowamynda yslamofobiýa bilen bagly wakalaryň 1,300 göterim ýokarlanandygyny, ýylyň dowamynda bolsa onuň 1,800 göterime ýetendigini habar berdi.

Musulman Hukuk Goldawy Merkezi (MLSC) 2023-nji ýylyň oktýabryndan 2024-nji ýylyň martyna çenli adam hukuklary bilen bagly 474 ýüztutmany hasaba aldy, şolaryň 345 sanysy Palestine goldaw bildirendikleri üçin işlerini ýitiren ýa-da işden çetleşdiriler adamlara degişli.

Hasabatda bu maglumatlaryň jemgyýetleriň başdan geçirýän kynçylyklarynyň diňe bir bölegini görkezýändigi bellenilýär. Hasan: "Bu hasabatda beýan edilen maglumatlar guramalar bilen geçirilen söhbetdeşliklere, olaryň beren maglumatlaryna, jemgyýetden toplanan maglumatlaryna we metbugat habarlaryna esaslanýar" diýip belledi.

Kanadanyň Yslamofobiýa garşy göreş boýunça ýörite wekili Amira Elghawaby bu görkezijileriň gyssagly çäreleri talap edýändigini duýdurdy. Ol: "Palestinde adam hukuklarynyň goramalmagy üçin çykyş edýän kanadalylara güýçli gysyş edilýär we olaryň durmuşyna hem-de geljegine agyr täsir ýetirýär" diýip belledi.

Hasabat Palestina garşy rasizmiň kesgitlenmegini kabul etmegi, ýigrenç bilen bagly jenaýatlar üçin jogapkärçiligi we mekdepleriň hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň bu howplara nähili reaksiýa bildirendigini garaşsyz derňemegi teklip edýär.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
YHG Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we Pakistanyň arasyndaky taryhy şertnama kanagatlanma bildirdi
Saud Arabystany we Pakistan bilen baglaşylan şertnama haýsydyr bir ýurdy nyşana almaýar
BMG Pakistanyň demirgazyk günbatarynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Ysraýylyň Diaspora Ministri;  “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”
Prezident Erdogan iş sapary bilen Saud Arabystanyna gitdi
Ministr Fidan: “Türkiýe bilen Siriýanyň durnuklylygy we asudalygy biri-biri bilen arabaglanşykly”
81 ýyl ozal ABŞ-nyň ýadro hüjümine sezevar bolan Hiroşimada ýadro garşy çagyryş edildi
Tramp; ABŞ-nyň ýeterlik ýaragy bar
Zelenskiý Russiýa garşy täze operasiýalaryň geçirilmegini tassyklady
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Netanýahu sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny islemeýär
Sudanyň Daşari işler ministri Türkiýede saparda bolar
Hakan Fidan BMG-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Şara: Prezident Erdogan Siriýa goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin tagalla edýär
BMG-nyň Baş sekretary 17 ýyl soň Damaska bardy
Eýranyň Daşary işler ministri russiýaly we pakistanly kärdeşi bilen duşuşdy
Lawrow bilen Rubio Ukraina krizi hakynda pikir alyşdy
Türk esgeriniň Somalidäki iş möhledi ýene-de 2 ýyl uzadyldy
Russiýa-Ukraina söweşinde ýogalan asuda ilatyň sany 37 göterim artdy