Ýaponiýada bolan ýer titremesinden soň sunami duýduryşy berildi
Ýaponiýanyň demirgazyk gündogarynda bolan 6,7 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň sunami duýduryşy berildi.
Ýaponiýanyň demirgazyk gündogarynda soňky birnäçe günden bäri yzly-yzyna ýer titremesi bolýar.
Ilkinji kesgitlemelere görä, Ýaponiýanyň demirgazyk gündogarynda 6,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy ýer titremesinden soň sunami duýduryşyny berdi.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy anna güni beren beýannamasynda 6,5 ululygyndaky ýer titremesinden soň sunami tolkunlarynyň Ýuwaş ummanynyň demirgazyk kenarlaryna ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigi barada duýdyryş berdi.
Ýaponiýanyň demirgazyk gündogarynda birnäçe gün ozal hem 5,9 we7,5 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.
Hökümet yzly-yzyna bolan ýer titremelesinden soň raýatlaryna ewakuasiýa üçin degişli taýarlyklaryň görülmegi barada duýduryş berdi.