DÜNÝÄ
2 minut okamak
Dibeýbe Liwiýanyň ýaragly toparlardan saplanjakdygyny aýtdy
BMG tarapyndan goldanýan hökümet, paýtagt Tripolidäki güýçli çaknyşyklardan soň jenaýatçylykly toparlara garşy geçiren operasiýalary bilen tertip-düzgüni dikeltmek bilen öz ygtyýaryny berkitdi.
Dibeýbe Liwiýanyň ýaragly toparlardan saplanjakdygyny aýtdy

Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abulhamid Dibeýbe, şenbe güni beren beýannamasynda, Tripolide başdan geçirlen soňky wakalaryň şäheriň ýaragly toparlardan azat edilip, kanuna esaslanýan döwlet guramak baradaky arzuw hyýalynyň hakykata öwrülip bilinjekdigine ilkinji gezek umyt döredendigini aýtdy.

Hökümetiň “Hakomitna” platformasy arkaly halka ýüzlenip çykyş eden Dibeýbe, geçen hepde Tripolide bolan çaknyşyklar hakynda durup geçdi.

Dibeýbe, hökümetiň wezipesine başlan döwründe söweşijileriň döwletden has güýçli bolandygyny emma muňa garamazdan Ghanaýwaýa guralan operasiýada howpsuzlyk güýçleriniň wezipesini üstünliki ýagdaýda tamamlandygyny belledi.

Dibeýbe “Ghanaýwa, 6 etraba gözegçilik edýärdi. Özlerine garşy durýanlary tussag edýärdi ýada öldürýärdi” diýdi.

Premýer-ministr Dibeýbe, Durnuklylygy goramak gullugynyň gözegçiligi astynda bolan Abu Salim etrapçasynyň ýaşaýjylaryna ýakyndan goldaw berjekdiklerini aýtdy.

Halkara Jenaýat kazyýetiniň, jynsy zorlama bilen birlikde agyr jenaýatlar bilen günäkärlenýän söweşijileriň lideri Osama Nažim hakynda taýarlan habarnamasy barada hem durup geçen Premýer-ministr Dibeýbe “Biz onuň ýaly jenaýatçynyň aramyzda galmagyna ýol bermeris” diýdi.

Premýer-ministr Dibeýbe ähli söweşijilere para-peşgeşden we korrupsiýadan ýüz öwürip, döwlet edaralaryna goşulmaklary barada çagyryş berdi.

Tripolidäki çaknyşyklar

Tripolide duşenbe güni Durnuklulygy goramak edarasynyň ýolbaşçysy Abdulgani Al Kikliniň aradan çykmagyndan soň çaknyşyklar başlady. Al Kikliniň aradan çykmagyndan gysga wagt soň hökümet, Goranmak ministrligine degişli 444-nji toparyň, Tripoliniň Abu Salim etrapçasynda ýerleşýän Durnuklylygy goramak edarasynyň merkezini ele geçirendigini we sebitde gözegçiligiň ýola goýlandygyny mälim etdi.

Dibeýbe 13-nji maýda beren beýannamasynda, paýtagtda başdan geçirlen wakalarda gözegçiligiň ýola goýulmagynda uly rol oýnan howpsuzlyk güýçlerini gutlady.

14-nji maýda ir ertir paýtagtdaky söweşiji toparlardan biri hökmünde kabul edilýän Rada bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Goranmak ministrligi şol gün beren beýannamasynda asuda ilaty goramak üçin Tripolidäki ähli çaknyşyk zolaklarynda atyşygyň bes edilendigini yglan etdi.

Tripoli şäher häkimliginden berlen beýannamada çaknyşyklarda 6 adamyň ýogalandygy, 70 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

 

 

 

Öwren
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok
Ukraina: “Rus goşuny şu gije 200 ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen howa hüjümini gurady”
Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky mekdebi partlaýjy maddalary bilen ýykdy
ABŞ ilkinji gezek älem giňişligine ýarag ýerleşdirendigini tassyklady
Eýranyň Ynkylap goragçylary: "Ormuz bogazynyň günbatarynda MQ-1 UHU-ny täsirsiz ýagdaýa getirdik"