ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Ukraina Hawk raketa ulgamyna goldaw bermek üçin 108,1 million dollarlyk satuwyň tassyklanandygyny mälim etdi.
Kongrese berlen maglumata görä, satuw Ukraina Franken SAM HAWK raketa ulgamlary bilen birlikde ätiýaçdaky şaýlary we logistiki hyzmatlary öz içine alýar.
Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada satuwyň Ukrainanyň howpsuzlygyny güýçlendirmegi maksat edinýändigi nygtaldy.
Beýannamada ABŞ-nyň Ukrainanyň howpsuzlygyna goldaw berýändigi we Ukrainany Ýewropada syýasy we ykdysady durnuklylyga goşant goşýan hyzmatdaş hökmünde görýändigi bellenildi.
Beýannamada Ukrainanyň enjamyň we hyzmatlaryň ýaragly güýçlerine utgaşyklylygy meselesinde hiç hili kynçylygy başdan geçirmejekdigi we satuwyň sebitiň harby deňagramlylygyny üýtgetmejekdigi ýatladyldy.
Döwlet sekretarlygy mundan başgada satuwyň ABŞ-nyň goranyş taýarlygyna ýaramaz täsirini ýetirmejekdigini mälim etdi.











