DÜNÝÄ
2 minut okamak
Awstraliýada 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri musulmanlara garşy çemeleşmeler artdy
Habarnama görä, duşmançylykly çemeleşmelere sezewar bolanlaryň 75 göterimi zenanlardan we ýaş gyzlardan ybarat
Awstraliýada 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri musulmanlara garşy çemeleşmeler artdy
28 Iýul 2025

Ýerli SBS Nýus kanalynyň duşenbe güni beren habaryna görä, Awstraliýada Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gaza garşy başladan söweşinden bäri musulmanlara garşy bolan çemeleşmeler artdy.

Habarda, Yslamofobiýa merkeziniň Awstraliýadan jogapkär ýolbaşçysy Nora Amatyň musulmanlara garşy çemeleşmelere sezewar bolýanlaryň 75 göterimi zenanlardan we ýaş gyzlardan ybaratdy hakyndaky sözlerine ýer berildi. Wakalaryň jogapkärleriniň esasy bölegi hem musulman däl erkekler.

Amat, geosyýasy wakalaryň Awstraliýada yslamofobiýanyň güýçlenmegine sebäp bolýandygyny emma ýeke-täk sebäbiniň bu bolmandygyny nygtady.

Amat “Syýasy çykyşlar hadysalaryň köpelmegine we azalmagyna täsir edýär. Çadraly birnäçe musulman zenan üçin yslamobiýa wakasy Awstraliýada musulman bolmagyň näme many aňladýandygyny oýlandyrýar” diýdi.

Mart aýynda Awstraliýadaky Yslamaboiýa merkeziniň çap eden habarnamasyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen 2024-nji ýylyň noýabr aýy aralygynda hüjüme, kemsidiji hereketlere we howpa sezewar bolan musulmanlaryň sany artdy.

Monas we Deakin uniwersitetiniň alymlary 600-den gowrak wakany analiz etdi we wakalarda esasan musulman zenanlaryň kemsidiji hereketlere we hüjümlere sezewar bolandygy anyklandy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde azyndan 59 müň 821 palestinli ýogaldy.

Ysraýylyň harby goşunyň 18-nji martdan Gaza guraýan hüjümlerinde 8 müň 657 adam öldürildi, 32 müň 810 adam hem ýaralandy. Hüjümler ýanwar aýynda atyşygyň bes edilmegi boýunça Hamas bilen gazanylan ylalaşygyň we ýesir çalşygy ylalaşygynyň bozulmagyna sebäp boldy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Halkara Jenaýat kazyýeti, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu we ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň Gazadaky harby jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul etdi.

Halkara Adalat diwanynda hem Ysraýylyň harby jenaýatlary sebäpli genosid işi gozgaldy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ysraýyl Eýran bilen azyndan 1 aý dowam etjek söweşe taýarlanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň täze Beýik ruhy lideri Mojtaba Hameneýi kim?
Eýran: ABŞ-nyň Şri-Lankanyň suw giňişliginde hüjüm guran gämisinde 104 esger öldi
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär
Eýran amerikan esgerlerini ele salandygyny öňe sürýär; ABŞ bolsa şol öňe sürmeleri ret edýär
Netanyahu Eýrana garşy “ähli güýçleri bilen” urşy dowam etdirjekdiklerini aýtdy
Russiýa tarapyndan Harkowa guralan hüjümde birnäçe adam ýogaldy
Eýran Amerika degişli nebit tankerini nyşana alandygyny habar berdi
Ysraýyl Beýrudyň günortasynda ýerleşýän etrapçalara täze howa hüjümini başlatdy
Ispaniýa ABŞ-na boýun egmejekdigini beýan etdi
ABŞ Kuweýtde dron hüjüminde ölen esgerlerden ýene-de iki sanysynyň şahsyýetini anyklady
Moskwa Ukrainany Ortaýer deňzinde LNG tankerine UHU hüjümini guramak bilen aýyplaýar
Tramp ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine Ormuz bogazyndan geçýän nebit tankerlerini goramagy buýurdy
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Medwedew: ABŞ dälilik bilen režimi üýtgetmek synanyşyklaryny dowam etdirse, III Jahan urşy başlar
Eýrana guralýan hüjümlerde amerikaly 6 esger ýogaldy
Eýran Ormuz bogazyny ýapdy, geçmäge synanyşýan gämilere hüjüm ediljekdigi barada duýduryş berdi
Hizbullahyň urşa goşulmagy bilen Ysraýyl Liwanda 31 adamy öldürdi
Owganystan çaknyşyklarda 55 adamyň ýogalandygyny, Pakistan 415 terrorçynyň öldürlendigini aýdýar
Eýranyň Ysraýyla guran hüjümlerinde 12 adam ýogaldy