Kremliň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow Russiýanyň "Rossiýa-1" döwlet kanalyna Ukraina krizisini çözmek üçin geçirilýän gepleşikler barada beýanat berdi.
Uşakow 4-nji noýabryň Russiýada Milli jebislik güni hökmünde bellenilip geçilýändigini aýdyp: "Indi indiki möhlet 4-nji noýabr, biziň üçin ajaýyp baýramçylyk. Bu seneden soň biz gepleşikleri täzeden başlatmaga taýýar bolarys" diýip habar berdi.
21-nji oktýabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Sankt-Peterburgdaky Konstantinowskiý köşgünde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff bilen duşuşyk geçirpdi.
Kremliň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Uşakow Putiniň Witkoffa Russiýanyň ABŞ we Ukraina bilen esasy mesele boýunça üçtaraplaýyn gepleşikleri 10-njy noýabr töwereginde täzeden başlatmaga taýýardygyny habar berendigini aýtdy.




















