Belgiýada geçen aý täsirli bolan aşa yssy howa tolkunynda 1222 adamyň ýogalmagyndan soň federal hökümet degişli çäreleriň görülmändigi sebäpli berk tankyt edildi.
Oppozisiadaky Frankofon Sosýalist partiýasynyň lideri Paul Magnette, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Aşa yssy howa tolkuny sebäpli 1222 adam ýogaldy. Ýogalanlaryň sany 39 göterim artdy, emma federal hökümet hiç hili çäre görmedi” diýdi.
Howa çalşygynyň we halkyň saglygy krizisinin ýüzlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolandygyna garamazdan hökümetiň işe girişmändigini nygtan Magnette, aşa yssy howa tolkunynyň tomus aýlarynda dowam etmegine garaşylýandygyna ünsi çekdi.
Tankydy belliklere jogap beren Saglygy goraýyş ministri Frank Wadenbroujke bolsa hökümetiň esasan hassahanalarda we garrylar öýünde degişli çäreleri girendigini belledi.
Belgiýada aşa yssy howa tolkuny
Belgriýada iýun aýynyň 18-29-y aralygynda aşa yssy howa sebäpli ýogalanlaryň sany 1222 adama ýetdi.
Bu san ýurtda yssy howa tolkunynda häzire çenli hasaba alynan iň ýokary adam pidasy hökmünde bellige alyndy.
Aşa yssy howa tolkuny sebäpli 85 ýaşyndan ýokarda bolan 530 adamyň, 65 toparynda hem 180 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Ýogalanlaryň günlük ortaça sany Belgiýada 2020-njy ýyldaky Kowid-19 epidemiýasyndan ilkinji tolkunyndan bäri iň ýokary derejä baryp ýetdi.
Aşa yssy howa tolkunynyň çäginde howanyň ýylylygy 7 günüň dowamynda 30 gradusdan ýokary boldy.
Esasan ýaşulylar we kroniki keselliler yssy howa sebäpli ejir çekdi.















