Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Premýer-ministr Binýamin Netanýahu, Müsüriň harby taýdan güýçlenýändigini we mesele bilen ýakyndan gyzyklanylmalydygyny aýtdy. Netanýahu ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýran babatyndaky karary hakynda hiç hili garaýşynyň ýokdygyny nygtady.
“Ysrael Haýom” gazeti, Premýer-ministr Netanýahunyň penşenbe güni Knessetde Daşary işler we Goranyş komitetinde geçirlen oturluşykda eden çykyşynda Müsüriň harby taýdan güýçlenmegine alada bildirýändigini aýtdy.
Netanýahu “Müsüriň harby goşuny güýjini artdyrýar we bu mesele bilen ýakyndan gyzyklanylmaly. Müsür bilen gatnaşyk edýäris, emma harby taýdan güýçlenmeginiň öňü alynmaly” diýdi.
Premýer-ministr Netanýahunyň Ysraýyl bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň ynjyk döwürden geçýän günlerinde eden çykyşy ünsleri özüne çekdi.
Netanýahunyň beren duýduryşyna garamazdan Ysraýyl bilen Müsür dekabr aýynda 35 milliard dollarlyk tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy. Netanýahu şol günlerde hökümetiniň şertnamany tassyklandygyny mälim edipdi we şertnamany Ysraýylyň taryhynda baglaşylan iň uly şertnama hökmünde häsiýetlendirdi.
Sebitara dartgynlyklaryň artmagy
Şannel 12-de berlen habara görä, Daşary işler we Goranyş komitetinde çykyş eden Netanýahui Eýran meselesinde Ysraýyl bilen ABŞ-nyň arasyndaky utgaşyklyk hakynda durup geçdi.
ABŞ bilen Ysraýylyň utgaşykly ýagdaýda hereket edýändigini aýdan Netanýahu, Trampyň Eýran meselesindäki garaýşynyň näbelli bolmagynda galýandygyny kabul etdi.
Halk deputatlaryna ýüzlenen Netanýahu, hüjüme sezewar bolunan halatynda Ysraýylyň Eýrana berk gaýtawul görkezjekdigini belledi.
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu, ýurduna hüjüm guralan halatynda Eýrana garşy iýun aýynda guralan hüjümlerden has giň gerimli hüjümleriň guralmagy üçin taýardyklaryny nygtady.
Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda iýun aýynda bolan söweş 12 gün dowam edipdi.
Ysraýylyň Eýranyň harby we ýadro desgalary bilen birlikde ilatly ýerleri nyşana almagy söweşiň başlamagyna sebäp bolupdy.
ABŞ hem Eýranyň 3 ýadro desgasyna hüjüm guramak bilen söweşiň hataryna goşuldy.
Söweş Trampyň tagallasy netijesinde ylalaşyk gazanylmagy bilen bes edildi.









