Bolgariýada 19-njy aprelde irki saýlaw geçirler

Bolgariýanyň Prezidenti Iliana Ýotowa, hökümetiň wezipesinden çekilmegi we dowam edýän syýasy durnuksyzlyk sebäpli 19-njy aprelde irki saýlawyň geçirilmegi barada karar kabul etdi.

By
Bolgariýada 19-njy aprelde irki saýlaw geçirler / AA

Bolgariýanyň Prezidenti Iliana Ýotowa çarşenbe güni beren beýannamasynda, ýurtda 19-njy aprelde irki saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy.

Ýotowa geçen hepde Bolgariýanyň Milli bankynyň başlygynyň orunbasary Andreý Gýurowy waglatyn hökümetiň başlygy hökmünde belledi.

Bolgariýada geçiriljek saýlaw ÝB-ne we NATO agza ýurtda 5 ýylda geçiriljek 8-nji saýlaw bolar.

Bolgariýanyň hökümeti alyp barýan ykdysady syýasatlary we galplyga garşy ýeterlik göreşiň alnyp barylmandygy sebäpli başlan we birnäçe hepde dowam eden protest ýörişlerinden soň 11-nji dekabrda wezipesinden çekilipdi.

Prezident Ýotowa çarşenbe güni wagtlaýyn hökümetiň agzalary bilen geçiren duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, saýlawlaryň 19-njy aprelde geçiriljekdigini aýtdy.

1-nji ýanwarda ýewro zolagyna giren Bolgariýadaky syýasy durnuksyzlyk dowam edýär.