Hakan Fidan Halapdaky möwjeýän çaknyşyk şertlerinde ÝPG-niň bitewi Siriýany goldamaga çagyrdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan çaknyşyklaryň möwjemegi, asuda ilatdan çekilýän adamlaryň pidalarynyň artmagyna we onlarça adamyň ýaralanmagyna terror guramasy ÝPG-niň meçew bermeleriniň sebäp bolýandygyny aýtdy.

By
Hakan Fidan Halapdaky möwjeýän çaknyşyk şertlerinde ÝPG-niň bitewi Siriýany goldamaga çagyrdy / AA

Fidan Penşenbe güni Ankarada Omanyň Dşaary işler ministri Bedr bin Hamed al-Busaidi bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Siriýanyň iňňän möhüm sepgide ýetendigini aýtdy.

Fidan Siriýanyň milli bitewiligiň gazanylmagy taýdan möhüm sepgide ýetendigini nygtap, ÝPG-niň borçlaryny berjaý etmelidigini beýan etdi we dartgynly şertlerde terror guramasynyň Ysraýylyň bähbitlerine hyzmat edýändigini aýtdy.

ÝPG, terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi hökmünde tanalýar.

Fidan; “Milli jebisligi ýola goýmagyň tüýs wagty. SDG bu şertlerde borçlaryny ýerine ýetirmeli. Emma onuň ýerine Ysraýyl bilen utgaşykly işleýär. Ysraýylyň sebitimizde alyp barýan “böl, bölekle, dolandyr” syýasatynyň oýunjagyna öwrülmegi gynansagam tötänlik däl” diýdi.

Daşary işler ministri Siriýada SDG adyny alan terror guramasy PKK/ÝPG-niň wagt utmaga synanşmagyň ýerine Siriýada utgaşyklyk tapgyryny iş ýüzüne geçirmäge başlan bolsady, bu wakalaryň bolmajakdygyny aýtdy.

ÝPG-niň asuda ilata guraýan hüjümleri artýar

Siriýanyň döwlet mediasy terror guramasy PKK/ÝPG-niň penşenbe güni yzly-yzyna halapdaky ilatly ýerleri bombalandygy we Siriýanyň goşunynyň şol hüjümlere gaýtawul görkezendigi habar berildi.

Siriýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýan etmegine görä hüjümler Şeýh Maksud ýaly sebitlerde artilleriýa we snaýperler tarapyndan guraldy. Hüjümde asuda ilatdan bäş adam öldi we siriýaly bir esger bilen 33 adam ýaralandy. Hüjümleriň guralan etrapçalaryndan ýüzlerçe adam gaçmaga mejbur boldy.

Çaknyşyklar Siriýanyň Prezidentinin 2025-nji ýylyň 10-njy martynda guramany döwlet edaralaryna integrirlemek , Siriýanyň terrirtorial bitewiligini goramak we ähli bölünşigiň öňüni almak ugrundaky tagallalarynyň çäginde kabul eden ylalaşygyna garamazdan dowam edýär.

Hökümetiň terrorizme garşy operasiýalary

Resmi Damask Başar Asadyň 24 ýyl dowam eden häkimiýetiniň 2024-nji ýylyň 8-njid dekabrynda synmagyndan soň ýurtdaky howpsuzlyk operasiýalarynyň gerimini giňeltdi.

Türkiýe Halapda geçirilýän operasiýanyň Siriýanyň goşuny tarapyndan alynyp baryulýandygyny, emma mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny beýan etdi.

Türkiýäniň Milli goranmak ministrliginiň metbugat sekretary “Siriýanyň howpsuzlygy, biziň howpsuzlygymyzdyr” diýdi.

Ministrlikden berilen beýannamada; “Ýurumyz Siriýanynň jebisligi we territorial bitewiligi esasynda terror guramalaryna garşy göreşini goldaýar. Şol çäkde Siriýa goldaw talap eden halatynda Türkiýe degişli goldawy berer” diýilýär.