SYÝASAT
1 minut okamak
Wengriýada Ysraýylyň Prezidentiniň ulag kerwenine howpsuzlyk sebäpli baýdak dakylmady
Ysraýylyň harby goşunynyň Gazada 3 ýyldan bäri dowam etdirýän hüjümlerine garşy Wengriýada ýygy-ýygydan protest ýörişleri geçirilýär.
Wengriýada Ysraýylyň Prezidentiniň ulag kerwenine howpsuzlyk sebäpli baýdak dakylmady
Wengriýada Ysraýylyň Prezidentiniň ulag kerwenine howpsuzlyk sebäpli baýdak dakylmady

Wengiýada saparda bolan Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gergsogyň ulag kerwenine howpsuzlyk sebäpli baýdak dakylmady.

Ysraýylyň “Kanal 12” teleýaýlymynyň habarçysy Amit Segal, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Prezident Gersogyň ulag kerwenine Ysraýylyň baýdagynyň dakylmandygyna ünsi çekdi.

Segal habarnamasynda “Prezident Gersogyň ulag kerwenine Wengriýada hem howpsuzlyk sebäpli Ysraýylyň baýdagy dakylmady” diýdi.

Ysraýylyň Prezidenti Gersog Wengriýa guran bir günlük saparynyň çäginde Wengriýanyň Prezidenti Andras Baka we Premýer-ministr Peter Magýar bilen duşuşdy.

Ysraýylyň harby goşunynyň Gazada 3 ýyldan bäri dowam etdirýän hüjümlerine garşy Wengriýada ýygy-ýygydan protest ýörişleri geçirilýär.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň geçen ýylyň aprel aýynda Wengriýa guran saparynyň çäginde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Palestine goldaw ýörişi geçirlipdi.