SYÝASAT
1 minut okamak
Prezident Erdogan “Parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin elimizden geleni ederis”
Prezident Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy.
Prezident Erdogan “Parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin elimizden geleni ederis”
Prezident Erdogan “Parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin elimizden geleni ederis”

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan Stambul şäherinde Dolmabahçe köşgünde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

Erdogan bilen Zelenskiý özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Ukrainanyň Prezidentini şu gün Türkiýeden myhman almakdan hoşaldygyny aýdan Prezident Erdogan “Ukrainada dowam edýän çaknyşyklar sebäpli gynansakda adam pidalary gün saýyn artýar. Söweşde ýogalanlar üçin Jenap Zelenskä we dost ýurt ukrainanyň halkyna ýene-de bir gezek uly gynanç bildirýärin” diýdi.

Prezident Erdogan duşuşykda Ukrainada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalar bilen Gara deňiziň howpsuzlygy meselesi hakynda giňişleýin pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan “Söweşiň bes edilmegi çin ABŞ-nyň Prezidenti Jenap Trampyň edýän tagallalaryna uly goldaw berýäris. Türkiýe hökmünde sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin elimizden geleni ederis”diýdi.

Erdogan-Zelenskiý duşuşygyna Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Kommunkasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran we Türkiýäniň Ukrainadaky ilçisi Fatma Jeren Ýazgan bilen birlikde beýleki resmiler gatnaşdy.