DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaýda feýerwerk fabrikasynda bolan uly partlamada 21 adam ýogaldy
Hytaýyň prezidenti Si Szinpin degişli resmileriň wakany düýpli derňemelidigini we zerur çäreleri görmelidigini aýtdy.
Hytaýda feýerwerk fabrikasynda bolan uly partlamada 21 adam ýogaldy
Hytaýda feýerwerk fabrikasynda bolan uly partlamada 21 adam ýogaldy

Hytaýyň döwlet metbugaty ýurduň içerki sebitlerinde feýerwerk fabrikasynda bolan partlamada azyndan 21 adamyň ölendigini we 61 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Hytaýyň döwlet habarlar agentligi “Şinhua” sişenbe güni beren beýanatynda partlamanyň duşenbe güni öýlän Hunan welaýatynyň Çanşa şäherindäki feýerwerk fabrikasynda bolandygyny aýtdy.

Wakanyň bolan ýerine takmynan 500 adamdan ybarat halas ediji topar iberildi we howply ýerlerde ewakuasiýa işleri geçirildi.

Resmiler partlamanyň sebäbini derňeýärler.

“Şinhua” habarlar agentliginiň habaryna görä, prezident Si Szinpin ýiten adamlary gözlemek we ýaralananlary halas etmek üçin tagalla etmek barada buýruk berdi, şeýle hem wakadan soň zerur çäreleriň görülmegini we derňewiň başlanmagyny talap etdi.

Hytaýda senagat heläkçilikleri, şol sanda feýerwerk senagatynda bolan heläkçilikler köp duş gelýär.

Geçen ýyl Hunandaky başga bir feýerwerk zawodynda bolan partlamada dokuz adam öldi; 2023-nji ýylda bolsa Hytaýyň demirgazygyndaky Sýanszin şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryna ýaýran partlamalarda üç adam ölüpdi.

Fewral aýynda Hubei we Szýansu welaýatlaryndaky feýerwerk dükanlarynda bolan partlamalarda degişlilikde 12 we 8 adam ýogalypdy.