DÜNÝÄ
2 minut okamak
Litwanyň Parlamenti Ruginieneniň premýer-ministrligini tassyklady
Häkimiýetiň başyndaky şäriklik hökümetiniň agzasy LSDP-den 44 ýaşyndaky ozalky kärdeşler arkalaşygynyň lideri Ruginieneniň, Ministrler kabinetiniň agzalaryny bellemegi we hökümetiň iş meýilnamasyny sese goýulşyga hödürlemegi üçin 15 güni bar.
Litwanyň Parlamenti Ruginieneniň premýer-ministrligini tassyklady

Litwanyň parlamenti, ozalky hökümetiň iýul aýynda galplyk edendigi hakynda öňe sürlen garaýyşlar sebäpli wezipesinden çekilmeginden soň Inga Ruginieneniň premýer-ministrligini tassyklady.

Ozalky hökümetde Sosial üpjünçilik ministri wezipesini ýerine ýetiren Ruginiene sişenbe güni beren beýannamasynda, Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini, ýurduň goranyş senagatyna maýa goýjakdygyny we deňsizlige garşy göreşjekdigini mälim etdi.

Emma müňlerçe adam taze hökümete garşy protest ýörişini geçirdi. Ýörişde hökümetiň Russiýa we Belarusa garşy sanksiýa goýulmagyna garşy durýan syýasatçylary hakynda tankydy bellikler aýdyldy.

Geçen ýyl halk deputatlygyna saýlanan Ruginiene parlamentde eden çykyşynda “Meniň iň uly arzuwym iş möhledim gutarandan soň siziň öňüňizde wezipämi üstünlikli ýerine ýetirendigimi aýdyp bilmek” diýdi.

Sosýal Demokrat partiýanyň başlygy ozalky Premýer-ministri Palujkas özü bilen arabaglanşykly birnäçe firma hakynda gozgalan kazyýet işi sebäpli 1-nji awgustda wezipesinden çekilipdi.

LSDP partiýasynyň ýolbaşçylygynda gurlan şäriklik hökümetinde Nemunas Şapagy, Litwaly Daýhanlar we Ýaşyllar Bileleşigi, Litwadaky Polýaklarlaryň saýlaw hereketi bolan hristian maşgalalar we garaşsyz halk deputatlary ýer alýar.

Merkezi çepçi demokratlar “Litwa üçin” partiýasy, Nemunas Şapafy bilen işleşmejekdikleri sebäpli şäriklik hökümetinden çekildi.

Nemunas Şapagy partiýanyň lideri Zemaitaitis 2023-nji ýylda ýewreýlere garşy çykyş edendigi barada öňe sürlen garaýyşlar sebäpli halk deputatlygyndan çekilipdi, emma geçen ýyl gaýtadan saýlandy.

Prezident Gitanas Nauseda, täze hökümete goldaw berýändigine garamazdan sişenbe güni beren beýannamasynda Nemunas Şapagy partiýasynyň şäriklik hökümetinde ýer almagynyň uly ýalňyşlykdygyna ünsi çekipdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Ukraina UHU-lar bilen Tuapsedäki nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm etdi, Belgorodda üç adam öldi
Kosowada üçünji gezek irki saýlaw geçirler
ABŞ Eýranyň awiakompaniýalaryny goldaýan kärhanalara sanksiýalar boýunça duýduryş berdi
Gersogyň uçary Türkiyäniň howa giňişligine girip bilmedi we uzak ýoldan soň Gazagystana bardy
Indoneziýanyň Günbatar Ýawa welaýatynda taksiniň sebäp bolan otly heläkçiliginde 14 adam ýogaldy
Kim Demirgazyk Koreýaly esgerleriň ýadygärliginiň açylyşynda Russiýa doly goldaw berjekdigini aýtdy
Ysraýyl Liwanyň günortasynda 14 adamy öldürdi
Ysraýylly oppozisionerler Netanýaha garşy birleşýär
Kolumbiýada partlaýjy maddalar bilen guralan hüjümde 13 adam öldi we köp sanda adam ýaralandy
Ysraýyl Gazada ýene-de iki palestinalyny öldürdi, alty palestinalyny ýaralady
Russiýanyň Ukraina guran soňky hüjümlerinde onlarça adam ýaralandy
Ysraýyl ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygyna garamazdan Liwana hüjüm gurady
Ukraina Saud Arabystany, Katar we Birleşen Arap Emirlikleri bilen dron şertnamasyny baglaşdy
Ak Tamyň resmisi Wensiň Pakistana saparynyň häzirlikçe ýatyrylandygyny aýtdy
Filippinlerde bolan ýangynda ýüzlerçe öý ýandy, köp sanda adam öýsüz-öwzarsyz galdy
Tramp Eýran ylalaşygynyň möhledini uzaltdy
Sungat ussatlary Ysraýylyň Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigine gatnaşmagyna garşylyk görkezýär
Russiýa Liwana 27 tonna kömek iberdi we şol uçary rus raýatlaryny ewakuasiýa etmek üçin ulanar
Ysraýyl Liwanyň günortasynda döwlet mekdebini bombalamak bilen ýene-de ylalaşygyň düzgünini bozdy
Bassem al Bedri Yragyň Premýer-ministrligine dalaşgärlige hödürlener