Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, döwletlere arkalaşykly hereket etmekleri barada çagyryş etdi we Gaza pajygasynyň halkara ulgamyň kemçiliklerini açyk aýdyň görkezýändigini belledi.

Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi / AA

Daşary işler ministri Hakan Fidan, halkara ulgamyň uly kynçylygy başdan geçirýändigini we munyň halkara guramalara bolan ynama uly zeper ýetirýändigini we ýurtlary bir taraply hereket etmäge gönükdirýändigini aýtdy.

Şenbe güni Stambul şäherinde geçirlen TRT World forumynda çykyş eden Hakan Fidan, dünýäniň bir merkezli ulgamdan çetleşýändigini belledi.

Giň gerimli halkara ulgamyň gurulmagy üçin çagyryş eden Hakan Fidan, “Şu günki günde kynçylyklar düzgünlerin ýoklygy däl eýsem deň derejeli ulanylmaýandygy sebäpli başdan geçirilýär” diýdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan ilkinji nobatda BMG-nyň düzümine üýgetme girizilmelidigini nygtady.

Hakan Fidan BMG-nyň beren wadasynda durmakda kynçylyk çekýändigine ünsi çekdi.

Ministr Fidan, Türkiýäniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň demokratik ýagdaýda iş alyp barmagyna goldaw berýändigini nygtady.

Gaza ylalaşygy howp astynda…

Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Fidan Gaza pajygasynyň halkara ulgamyň kemçiliklerini açyk aýdyň görkezýändigini belledi.

Fidan, Türkiýäniň Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda “genosidi bes etmek” we adalaty höweslendirmek üçin diplomatik tagallalara öňbaşçylyk edýändigini aýtdy.

Hakan Fidan Türkiýänin Gaza üçin Yslam hyzmatdaşlyk guramasy bilen Arap ligasynyň ýolbaşçylygynda Aragatnaşyk toparynyň gurulmagyna goldaw berýändigini ýatlatdy.

Ministr Fidan, Nýu-Ýorkda we Şarm al-Şeýhde geçirlen soňky maslahatlary “parahatçylyk üçin ädilen aýgytly ädim” hökmünde häsiýetlendirdi, emma Ysraýylyň dowam edýän hüjümleri sebäpli ylalaşyga howp abanýandygyny belledi.

“Adalatly we yzygiderli parahatçylyk” diýen Fidan diňe iki döwletli çözgüdiň we Gazanyň palestinliler tarapyndan dolandyrylmagynyň meseläni çözjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.