ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp duşenbe güni beren beýannamasynda, Tähran bilen geçirlen we netijeli geçen gepleşikler sebäpli ABŞ-nyň Eýranyň elektrik beketlerine we energetika infrastrukturasyna guramagy meýilleşdirýän hüjümleri 5 gün yza süýşürjekdiklerini aýtdy.
Karar Waşington Eýranyň energetika infrastrukturasyna hüjüm eden halatynda Tähranyň Ysraýylyň energetika desgalaryny we ABŞ-nyň Aýlag ýurtlaryndaky harby bazalaryny nyşana aljakdygy baradaky hemlesinden soň kabul edildi.
Tramp gepleşikleriň şu hepde dowam etjekdigini aýtdy. Prezident Donald Tramp sosial media arkaly beren habarnamasynda “Söweş ministrine ähli harby hüjümleriň 5 gün möhlet bilen yza süýşürilmegi barada görkezme berdim” diýdi.
Halkara bazarlar dartgynlygyň gowşamagy baradaky habarlara oňyn jogap berdi.
Bren nebitiň barrel bahasy 10 göterimden gowrak pese gaçdy.















