11 Noýabr 2025
Türkiyäniň Milli Goranmak Ministrligi Azerbaýjandan Türkiyä barýan türk C-130 harby ýük uçarynyň Gruziýa bilen Azerbaýjan serhediniň golaýynda ýere gaçandygyny habar berdi.
Ministrlik sişenbe güni beren beýanatda: "Azerbaýjandan ýurdumyza gelmek üçin ýola çykan C130 harby ýük uçary Gruziýa-Azerbaýjan serhedinde heläkçilige uçrady" diýdi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Beýanatda şeýle hem: "Azerbajanyň we Gruziýanyň resmileri bilen utgaşdyrylyp, gözleg we halas ediş işleri başlandy" diýildi.
Uçaryň içinde bolan adamlaryň sany ýa-da mümkin bolan pidalar barada heniz hiç hili maglumat berilmedi, heläkçiligiň sebäplerini anyklamak üçin derňew işi başlandy.
















