Türkiýäniň 15-nji iýuldaky agdarylyşyk synanyşygynda tanan ByLock tilsimatyndaky ierarhiýa
SYÝASAT
2 minut okamak
Türkiýäniň 15-nji iýuldaky agdarylyşyk synanyşygynda tanan ByLock tilsimatyndaky ierarhiýaFETÖ agzalarynyň döwlet agdarlşygyna synanşygy we beýleki meýilnamalary üçin peýdalanan esasy şifrlenen aragatnaşyk ulgamynyň ByLock-dygy ýüze çykaryldy. Gurama ähli gizlin işlerini şu aragatnaşyk programmasynyň üsti bilen utgaşdyrýardy.
Türkiýäniň 15-nji iýuldaky agdarylyşyk synanyşygynda tanan ByLock tilsimatyndaky ierarhiýa

Gönüden aragatnaşyk tilsimaty — ByLock.

Bütin Türkiýe bu tilsimaty 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky başa barmadyk döwlet agdarlyşygyna edilen synanyşyk bilen tanady.

Geçirilen soňky derňewlerde Fetullahçy Terror Guramasynyň (FETÖ) döwlet agdarlyşygyna synanşygy we beýleki meýilnamalary amala aşyrmak üçin esasy şifrlenen aragatşyk ylgamy ByLockdan peýdalanandygy ýüze çykaryldy.

Howpsuzlyk çeşmelerinden alnan maglumatlara görä, ByLock tilsimaty ýüze çykarylandan soň iň ünsi çeken meseleleriň biri hem FETÖ agzalaryna berlen ID belgileri boldy. Derňewlerde guramanyň agzalarynyň tilsimatda öz atlary bilen däl-de, olara aýratyn berlen san belgileri arkaly hasaba alnandygy anyklandy.

1-den başlaýan ID belgileri, şahslaryň guramanyň içindäki ähmiýetini we dereje tertibini görkezýärdi. Geçirilen seljermelerde ByLock ulgamyndaky jemi ID belgileriniň sanynyň 215 müňden geçendigi hem anyklandy.

FETÖ-niň iň esasy agzalary birinji müňlüge girýärdi

ByLock ID belgileri seljerilende, programmanyň ilkinji döwürde diňe gizlin gurluşlarda işleýänler, guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary we möhüm şahslary tarapyndan ulanylandygy mälim boldy. Soňra gurama ByLock programmasyny beýleki agzalarynyň hem ulanmagyna açdy.

ID belgileri öwrenilende, ilkinji 100 belginiň içinde bolan adamlaryň biri MIT-e garşy guralan dildüwşük işi boýunça hem kazyýet jogapkärçiligine çekilen, tussag edilen öňki polisiýa müdiri FETÖ agzasy Erol Demirhan boldy. Onuň ID belgisi 27.

Demirhandan soň 28-nji ID belgisi bilen öňki Ankara Polisiýa müdiriniň orunbasary, FETÖ agzasy Oguz Kiremitçi ýerleşýär.

Ilkinji 100 ID belgisiniň içinde ünsi çekýän başga bir at Serkan Şahan boldy. 40-njy ID belgisine eýe bolan Şahan ermeni žurnalist Hrant Dinkiň öldürilmegi bilen bagly işiň günäkärlenýän şahslarynyň biridir.

43-nji ID belgisi bolsa Cengiz Özkan atly şahsa degişlidir. Özkan Russiýanyň ilçisi Andreý Karlowyň öldürilmeginiň meýilleşdirijisi hasaplanýan Cemal Karaatanyň gönüden-göni bagly bolan ýolbaşçysydyr.

Üns çeken beýleki bir adam bolsa FETÖ-niň ABŞ-daky "ymamy" Mehmet Ýaşadyr. 49-njy ID belgisiniň eýesi bolan Mehmet Ýaşa, FETÖ-niň 30 million dollarynyň Atlanta Star Chain atly kompaniýada ýitirilmegi bilen bagly işe gatnaşan esasy adamlarynyň biri hökmünde görkezilýär.

Jewheri Güwen hem iň esasy ID belgileriniň eýeleriniň hatarynda

ByLock ID belgileri guramanyň içindäki ähmiýet we dereje tertibini örän aýdyň görkezýär. FETÖ bilen baglanyşygy bilen tanalýan, daşary ýurda gaçan žurnalist Jewheri Güwen hem şol şahslaryň biridir.

Ol ilkinji müň ID belgisiniň arasynda bolmasa-da, FETÖ agzasy žurnalistleriň arasynda iň öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

FETÖ-niň "Gebbelsi" diýip hem atlandyrylýan Jewheri Güweniň ByLock ID belgisi 3320. Bu belgi onuň FETÖ bilen baglanyşykly beýleki žurnalistler bilen deňeşdirilende guramanyň içinde nähili ýokary ähmiýete eýe bolandygyny görkezýär.