SYÝASAT
1 minut okamak
“Eýran bilen arabaglanşykly meseleler harby taýdan çözülip bilinmez”
Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, Eýranyň abanýan howplara we edilýän basyşlara boýun egmejekdigini aýtdy.
“Eýran bilen arabaglanşykly meseleler harby taýdan çözülip bilinmez”
“Eýran bilen arabaglanşykly meseleler harby taýdan çözülip bilinmez” / Reuters

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Abbas Arakçi Hindistanyň paýtagty Täze Delide geçirlen BRICS-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda eden çykyşynda sebitara we halkara meselelere ünsi çekdi.

Azatlyklaryny we topraklaryny goramak üçin ähli mümkinçiliklerinden peýdalamaga taýardyklaryny aýdan Arakçi, diplomatiýanyň tarapynda durýandyklaryna ünsi çekdi.

Basyşa we hemlelere boýun egmändiklerini aýdan Arakçi “Eýran bilen arabaglanşykly haýsydyr bir meselänin harby taýdan çözülip bilimejekdigini ýene-de bir gezek nygtaýaryn” diýdi.

Parahatçylygy söýüji eýranyň halkyň urşa garşydygyny emma daşary ýurtlaryň guraýan hüjümlerine garşy harby güýçlerine goldaw berýändigini we ar almaga hemişe taýardygyny aýtdy.

BRICS-e agza ýurtlara we halkara jemgyýetçiligine çagyryş eden Arakçi: “Eýran BRICS-e agza ýurtlara we halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçilikli hereket edýän agzalaryna, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy bikanun ýagdaýda guraýan hüjümlerini we halkara hukuk kadalarynyň basgylanmagyny ýazgarmaklary we degişli çäreleriň görülmegi üçin çagyryş edýär” diýdi.