BMG-nyň Baş Assambleýasy sişenbe güni Ukrainada hüjümleriň bes edilmegi, adalatly we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy çagyryşyny berýän karar taslamasyny kabul etdi.
Russiýa karar taslamasyna garşy ses berdi, ABŞ bolsa ses bermekden saklandy.
Karar taslamasy 107 “kabul”, 12 “garşy” ses bilen kabul edildi. Gurama agza 51 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.
Ukraina tarapyndan hödürlenen we 46 ýurt tarapyndan goldanan karar taslamasynda söweşiň sebitara we halkara derejesinde uly ýitgi çekilmegine sebäp bolýandygy nygtaldy.
Karar taslamasynda Russiýanyň asuda ilata we infrastruktura garşy guraýan hüjümleriniň gumanitar ýagdaýyň çuňlaşmagyna sebäp bolýandygy bellenildi.
BMG-nyň Baş Assambleýasy karar taslamasyny kabul etmek bilen Ukrainanyň özygtyýarlygyna, garaşsyzlygyna, bitewiligine we jebisligine güýçli goldaw berýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Karar taslamasynda gyssagly we şertsiz hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş edildi.
Söweş ýesirleriniň çalşylmagy, bikanun ýagdaýda saklananlaryň boşadylmagy we çagalar bilen birlikde zor bilen ýurtdan çykarlan asuda ilatyň yzyna dolanmagy talap edildi.
Beýleki tarapdan ABŞ karar taslamasynyň bir bölüminiň taslamadan çykarylmagyny we aýry ses berilmegini teklip etdi.
Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mariana Betsa bu teklibe berk garşylyk görkezdi we munyň kabul edilmesizdigini belledi.














