Hakan Fidan: Türkiye Eýranda raýat urşuny öjükdirjek islendik meýilnama garşydyr
Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Eýrany durnuksyzlaşdyrmak meýilnamalaryna garşy duýduryş berdi we Ysraýylyň hüjümleriniň Liwan döwletiniň çökmegine sebäp bolup bimak howpuna ünsleri çekdi.
Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Ankaranyň Eýranda raýat urşuny turuzmaga we etniki ýa-da dini taýdan gapma-garşylyklary güýçlendirmäge gönükdirilen islendik meýilnama düýbünden garşydygyny aýtdy.
Fidan bu barada penşenbe güni paýtagt Ankarada Germaniýanyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful bilen duşuşygyndan soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy.
Ol ýurduň içinde etniki ýa-da messep bölünişiklerini ulanmak synanyşyklaryna garşy duýduryş berdi we Eýranyň territorial bitewiliginiň sorag astyna alynmaly däldigini nygtady.
Hakan Fidan: “Eýranda raýat urşuny başlatmaga we etniki ýa-da dini taýdan gapma-garşylyklary öjükdirmäge gönükdirilen meýilnamalara garşy durýarys” diýip belledi we Ankaranyň şeýle başlangyçlara ýol bermejekdigini beýan etdi.
Liwanda çaknyşyklaryň güýçlenýändigi barada duýduryş
Hakan Fidan şeýle hem Ysraýylyň Liwany bombalamagyny tankyt etdi we bu hüjümleriň ýurduň çökmegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
Fidan Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky Ysraýyl hökümetini sebitde durnuksyzlygy güýçlendirmekde aýyplady.
“Ysraýylyň hüjümleri Liwan döwleti çökmeden öň bes edilmeli” diýip, ol şeýle ýagdaýyň giň Ýakyn Gündogar, esasanam goňşy ýurtlar üçin agyr netijeleriň boljakdygy barada duýduryş berdi.
Şeýle hem, ol çaknyşyklaryň sebäp bolan köpçülikleýin göçürilişi "düýpgöter kabul ederliksiz" diýip ýazgardy.
Fidanyň bu beýanaty Ysraýyl bilen Liwandaky ýaragly toparlaryň arasyndaky we tutuş Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklaryň güýçlenýän döwründe sebitleýin dartgynlylygyň artmagyny dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.