Palestin döwleti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gaza urşuny bes etmek baradaky teklibini goldap, onuň parahatçylyk ýoluny kesgitleme ukybyna ynanýandygyny mälim etdi.
Resmi WAFA habar gullugy arkaly ýaýradylan beýannamada:
“Prezident Donald J. Trampyň Gaza urşuny bes etmek boýunça edýän yhlasly we tutanýerli tagallalaryny goldaýarys we onuň parahatçylygyň ýoluny tapmakdaky ukybyna ynanýarys” diýilýär.
Beýannamada; Palestiniň ABŞ, sebitleýin döwletler we halkara hyzmatdaşlar bilen giňişleýin ylalaşyga ýetmek üçin hyzmatdaşlyga taýardygyny nygtady.
Şeýle hem, islendik ylalaşygyň şu şertleri öz içine almalydygy bellenýär:
Gaza ynsanperwer kömeginiň eltilmegi,
ýesirleriň we tussaglaryň boşadylmagy,
raýatlary goramak we ok atyşygy bes etmek üçin mehanizmleriň döredilmegi,
ýerleriň anneksiýasynyň, mejbury göçürmeleriň we halkara hukugyna garşy bolan birtaraplaýyn çäreleriň öňüniň alynmagy üçin kepillikleriň üpjün edilmegi.
Palestin salgyt girdejileriniň yzyna gaýtarylmagyny, Ysraýylyň doly yza çekilmegini hem-de Gazada, basylyp alnan Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde Palestine degişli ýerleriniň we edaralaryň birleşdirilmegini talap etdi.
Şeýle hem beýanatda:
“Garaşsyz we özygtyýarly Palestin döwletiniň Ysraýyl bilen parahatçylykly goňşuçylyk gatnaşyklarynda halkara kanunlaryna laýyklykda, iki döwletli çözgüde esaslanýan adalatly parahatçylygy gazanma” maksady ýene-de bir gezek nygtalýar.
Palestiniň resmileri uruş gutarandan soň bir ýylyň dowamynda prezident we parlament saýlawlaryny geçirmegi, düýpli özgertmeleri etmegi wada berdiler. Beýannamada döwletiň “döwrebap, demokratik we ýaragsyz, köpmedeniýetliligi kabul edýän we häkimiýeti parahatçylykly geçirmek hakyndaky ýörelgelere eýerýän” ulgam döretmäge ygrarlydygy nygtaldy.
Şeýle hem bilim ulgamynda ÝUNESKO standartlaryna laýyklykda özgertmeleriň ediljekdigi, birleşdirilen we halkara ulgama utgaşykly sosial üpjünçilik ulgamynyň dörediljekdigi beýan edildi.
Beýannama:
“Biz ABŞ we ähli taraplar bilen sebit halklary üçin parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmakda oňyn we konstruktiw gatnaşmaga taýýar” diýlip, jemlenýär.
Sebit ýurtlarynyň liderleriniň goldawy
Türkiýe hem-de birnäçe arap we musulman döwleti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gazada atyşygy bes etmek baradaky teklibini goldap, ony Waşington bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmäge taýardygyny mälim etdiler.
Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kataryň we Müsüriň daşary işler ministrleri bilelikdäki beýannamada ABŞ we degişli taraplar bilen işleşmäge taýýardygyny mälim etdiler.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bolsa:“ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gazada gan döküşikligi bes etmek boýunça edýän tagallalaryna we liderligine ýokary baha berýärin” diýdi. Şeýle-de Türkiýäniň “adalatly we uzak möhletleýin parahatçylygy ýola goýmak üçin diplomatik tapgyra goşant goşmagyny dowam etdirjekdigini” belledi.
Bu beýanatlar Trampyň Waşingtonda ganhor Binýamin Netanýahu bilen bilelikde Gazada atyşygy bes etmek hakyndaky meýilnamasynyň esasy ugurlaryny hödürlemeginden soň berildi.
Teklipde Gazada ýesirlikde saklanýan ysraýyllylaryň boşadylmagy we Hamasyň ýaragsyzlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Dünýäniň goldawy
Dünýä liderleri hem Trampyň teklibini goldap, ähli taraplary ony kabul etmäge we parahatçylyga tarap ädim ätmäge çagyrdy.
Britaniýanyň Premýer-ministri Keir Starmer bu teklibiň durmuşa geçirilse, ejir çekmeleriň soňuna çykyp biljekdigini aýtdy.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Trampyň borçnamasyny gutlady we Ysraýylyň işjeň gatnaşmagyna garaşýandygyny aýtdy.
Italiýanyň hökümeti bu başlangyjy “möhüm pursat” hökmünde häsiýetlendirdi.
Germaniýanyň Daşary işler ministri Johann Wadephul ony “taryhy mümkinçilik” diýip atlandyrdy we Berliniň konkretdi goldaw berjekdigini aýtdy.
Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Antonio Kosta iki döwlet çözgüdiniň ýeke-täk amaly ýol bolup galýandygyny nygtady.
Norwegiýa, Pakistan, Täze Zelandiýa, Awstraliýa we Hindistan hem teklibi goldap çykyş etdiler.










