Russiýa, Ukrainanyň demirgazyk gündogarynda Sumi sebitinde ýerleşýän Basiwka obasyny ele geçirendigini we sebitde köp sanly ilatly ýerde Ukrainanyň harby goşunyny nyşana alandygyny habar berdi.
Russiýa-Ukraina söweşi 2 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Ukraina 2023-nji ýylyň awgust aýynda müňlerçe esgerini Russiýanyň Kursk sebitine ugradypdy. Emma soňky aýlarda güýçlenen rus hüjümleri sebäpli Ukraina esgerleriniň esasy bölegini Kurskdan çykardy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin birnäçe gezek serhet ýakasynda araçäk zolagyň döredilmelidigini beýan edipdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi, Sudzha serhet geçelgesiniň edil ýanynda ýerleşýän Basiwka obasynyň rus güýçleri tarapyndan ele geçirlendigini mälim etdi we Sumi sebitinde 12 aýry ýerde Ukrain güýçleriniň nyşana alynandygyny nygtady.
Rus güýçleriniň Gornal, Guewo we Oleşniýa ýaly ilatly ýerlere ornaşan ukrain güýçleriniň yzyna serpikdirlendigi ýatladyldy.
Gözegçilik kimde?
Söweş bilen ýakyndan gyzyklanýan Ukraina goldaw berýän DeepState kartasyna görä, Ukraina häzirki wagtda Russiýa degişli 63 inedördül kilometrlik meýdana gözegçilik edýär. Şol san geçen ýyl Kiýew tarapyndan ele geçirlendigi öňe sürlen 1400 inedördül kilometr bilen deňeşdirilende ep-esli azalypdyr.
Serhet ýakasynda ýerleşýän Basiwka bilen birlikde 81 inedördül kilometrlik meýdan bolsa “gözegçilik ýagdaýy belli bolmadyk” zolak hökmünde analiz edilýär.
Häzirki wagtda Russiýa Ukrainanyň takmyman 1/5 bölegine gözegçilik edýär. Şol san 2014-nji ýylda anneksiýa edilen Krymy we Luhansky dolulygyna we Moskwanyň Russiýanyň bir bölegi diýip yglan eden sebitiniň Donesk, Zaporožýe we Herson sebitleriniň 70 göterimini öz içine alýar. Russiýa mundan başgada Harkow sebitiniň bir bölegine gözegçilik edýär.











