Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Taraplar soňky gezek 23-nji iýulda Stambulda geçirlen gepleşiklerde ýesir çalşygy boýunça ylalaşyk gazanypdy.
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretary Rustem Umerowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Russiýa bilen gepleşik geçirmek üçin Stambul şäherine geldi.
Ukraina bilen Russiýa arasyndaky ýesir çalşygy gepleşikleri sişenbe güni başlady.
Umerow Telegramdan beren beýannamasynda, Russiýa bilen ýesir çalşygynyň gaýtadan başlamagy maksady bilen Stambula gelendiklerini aýtdy.
Umerow, “Türkiýede we Ýakyn Gündogarda çalşyk etabynyň gaýtadan başlamagy üçin tagalla edýäris. Bu mesele boýunça ozal ylalaşyk gazanylypdy we ylalaşyk durmuşa geçirilmeli” diýdi.
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Baş sekretary Rustem Umerowa görä, Türkiýedäki duşuşyk çalşyk etabynyň gaýtadan başlamagy üçin meýilleşdirildi.
Duşuşuga kimleriň gatnaşjakdygy hakynda giňişleýin maglumat berilmedi.
Russiýa bilen Ukraina soňky gezek 23-nji iýulda Stambulda geçirlen gepleşiklerde ýesir çalşygy boýunça ylalaşyk gazanypdy.
Türkiýe bilen birlikde Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Katar Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýesir çalşygy üçin töwellaçylyk edýär.