BMG-nyň Palestin boýunça ýörite habarnamaçysy Françeska Albanese Ysraýylyň Gazadaky wagşyçylygyny ýazgardy we Ysraýylyň birnäçe döwletiň goldaw bermeginde genosid edendigini aýtdy.
Albanese ýekşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Doha forumynda birnäçe döwletiň goldaw bermeginde amala aşyrlan Ysraýylyň genosidini ýazgardym” diýdi.
Halkara jemgyýetçiligine gyssagly herekete geçmekleri üçin çagyryş beren Albanese “Köp taraplylygyň galan bölegini goramak isleýän döwletler gyssagly işe girişmeli we BMG ýaly hereket edip olara basyş etmeli” diýdi.
Albanese oktýabr aýynda çap eden “Gaza genosidi kollektiw jenaýat” temaly habarnamasynda, üçünji döwletleriň Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerine maliýe kömegini berendigini we diplomatiýa taýdan gorandyklaryny aýtdy.
Genosid we ylalaşygyň bozulmagy
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri gabaw astyndaky sebitde dowam etdirýän gyrgynçylygynda esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 70 müňden gowrak palestinlini öldürdi.
Sebitiň esasy bölegi harabalyga öwrüldi we ilat dolulygyna diýen ýaly başga ýere göçürildi.
Beýleki tarapdan Günorta Afrikanyň 2023-nji ýylda Ysraýyla garşy Halkara Adalat diwanynda gozgan işi dowam edýär.
Iki aý ozal hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan Ysraýyl ylalaşygy bozmaga dowam edýär.















