Hantawirusa ýoluganlaryň artyp biljekdigi barada duýduryş berildi
DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hantawirusa ýoluganlaryň artyp biljekdigi barada duýduryş berildiBütindünýä Saglygy goraýyş guramasy hantawirusa ýoluganlaryň sanynyň artdyp biljekdigini duýdurydy, emma epidemiýanyň çäkli boljakdygyna ünsi çekdi.
Hantawirusa ýoluganlaryň artyp biljekdigi barada duýduryş berildi / Reuters

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhanom Gebreýerus, Ženewada metbugata beren beýannamasynda wirus sebäpli 3 adamyň ýogalandygyny aýtdy.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy “MW Hondius” ýolagçy gämisinde üç ýolagçynyň hantawirus sebäpli ýogalmagyndan soň duýdyryş berdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, wirusyň bir adamdan beýleki adama ýokaşýandygyna garamazdan degişli çäreler görlen halatynda epidemiýanyň çäkli boljakdygyna ünsi çekdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhanom Gebreýerus, 5 adamda wirusa gabat gelinendigini we şolardan 3-niň wirus sebäpli ýogalandygyny aýtdy.

Tedros Adhanom Gebreýerus wirusyň köpelmek etabynyň 6 hepde dowam edip biljekdigini nygtady.

Wirusa ýoluganlar Germaniýada, Gollandiýada, Şwesiaýda we Günorts Afrikada bejergi astyna alyndy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp wirus hakynda özüne maglumatyň berlendigini we degişli çärleriň görüljekdigini aýtdy.

Wirusyň 1-nji aprelde Argentinanyň Uşuaýa şäherinde gämä münen gollandiýaly maşgala bilen başlandygy nygtalýar.

Wirus sebäpli gollandiýaly maşgala bilen germaniýaly bir ýolagçy ýogaldy.

Umuman alnanda gemirijiler arkaly ýaýraýan hantawirus, demgysga we ýürek agyrysyna sebäp bolýar. Wirusyň häzirlikçe anyk berjergisi we sanjymy ýok.