DÜNÝÄ
1 minut okamak
Horwatiýada Türk ýangyn söndüriji uçary heläkçilige uçrady, uçarman şehit boldy
Bu wakadan öň, Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministrligi Horwatiýada Türkiyäniň Tokaý hojalygy baş müdirligine degişli ýangyn söndüriji uçar bilen radio aragatnaşygynyň kesilendigini habar beripdi.
Horwatiýada Türk ýangyn söndüriji uçary heläkçilige uçrady, uçarman şehit boldy
Türk ýangyn söndüriji uçary
14 Noýabr 2025

Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministri Ibrahim Ýumakly Horwatiýada ýiten Tokaý hojalygynyň Baş müdirligine degişli ýangyn söndüriji uçarynyň galyndylarynyň tapylandygyny we uçarmanyň şehit bolandygyny habar berdi.

Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministri Ibrahim Ýumakly penşenbe güni Türkiyäniň NSosyal sosial media platformasyndan beren beýanatynda: "Radio aragatnaşygy kesilen Tokaý hojalygynyň Baş müdirligine degişli ýangyn söndüriji uçaryň galyndylary Horwatiýanyň Sen şäheriniň golaýynda tapyldy. Bu pajygaly heläkçilikde şehit bolan uçarmanymyza Alladan rehnet dileýärin, onuň maşgalasyna we ýakynlaryna gynanç bildirýärin" diýip belledi.

Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministrligi ozal bolsa, Tokaý hojalygynyň Baş müdirligine degişli ýangyn söndüriji uçar bilen Horwatiýada radio aragatnaşygyň kesilendigini mälim edipdi.

Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministrligi: “Baş Tokaý hojalygy müdirligine degişli iki sany AT802 ýangyn söndüriji uçar çarşenbe güni, 12-nji noýabrda, sagat 10:24-de Çanakgaladan Zagreb şäherine, Horwatiýada meýilleşdirilen tehniki hyzmat üçin ýola çykypdy. Ýaramaz howa şertleri sebäpli gijäni iki uçar hem Horwatiýanyň Riýeka howa menzilinde geçirdi. 2025-nji ýylyň 13-nji noýabry, penşenbe güni, sagat 17:38-de uçar Zagreb howa menziline ýene-de uçdy, ýöne howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli yzyna gaýdyp başlady. Uçarlaryň biri yzyna gaýdyp barýarka Riýeka howa menziline howpsuz gondy, ýöne beýlekisi bilen radio aragatnaşyk sagat 18:25-de kesildi” aýan edipdi.