DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýa we Ukraina şu hepde dördünji ýesir çalşygyny amala aşyrdy
Ukraina Russiýadan şahsyýetleri näbelli bolan 1200-den gowrak adamyň jesediniň gowşurylyp alynandygyny habar berdi.
Russiýa we Ukraina şu hepde dördünji ýesir çalşygyny amala aşyrdy

Ukraina we Russiýa, şu aýyň başynda Stambulda gazanylan ylalaşyklaryň çäginde bir hepdäniň içinde dördünji tussag çalşygyny amala aşyrandyklaryny habar berdiler.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial ulgamdan beren beýanatynda: "Biz halkymyzy rus ýesirliginden azat etmegi dowam etdirýäris. Bu bir hepdäniň içinde dördünji alyş-çalyş boldy" diýip mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Russiýa-Ukraina ylalaşyklaryna laýyklykda... Resmi Kiýewiň gözegçiligindäki sebitden rus esgerler yzyna getirildi” diýip aýan etdi.

Ukrainanyň ýesirleriň çalşygyndan jogapkär resmileri Russiýadan 1200 sany şahsyýetleri kesgitlenmedik jesediň ýene-de bir tapgyryny alandyklaryny aýtdylar. Russiýanyň bu jesetleriň “Ukrain raýatlaryna, şol sanda harby gullukçylara degişlidigini” öňe sürendigi bellenilýär. Bu hem Stambul ylalaşyklarynyň bir bölegi hökmünde amala aşyryldy.

Ukraina Russiýa jesetleri yzyna gaýtaryp-gaýtarmandygy barada bolsa hiç hili maglumat bermedi.

Ukraina gaýdyp gelen tussaglaryň käbirleriniň ýaralanan görnüşdedigi, käbiri awtobusdan düşüp, garşy alanlary gujaklandyklary, käbirleri bolsa telefonda jaň edendikleri habar berildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi mesele bilen bagly çap eden wideosynda, harby egin-eşikli erkekleriň rus baýdaklaryny göterýändiklerini, “Russiýa, Russiýa”, “Russiýa şöhrat” we “Ura” diýip gygyrýandyklaryny, käbirleriniň ellerini ýokary galdyrýandyklaryny görüp bolýar.

Bu alyş-çalyş Russiýanyň ýaraşyk tekliplerini ençeme gezek ret eden we front liniýasy boýunça, esasan hem ozal Ukraina tarapyndan basylyp alynan Kursk sebitini goramak üçin “bufer zolak” emele getirmegi maksat edinen we Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Sumy sebitindäki hüjümleriniň gerimini giňelden bir döwürde amala aşyryldy.

Zelenskiý Russiýanyň Sumy ugrundaky öňe gidişligini duruzandyklaryny öňe sürüp, Ukrainanyň harby güýçleriniň bir obany yzyna basyp almagyň hötdesinden gelendigini aýtdy.

Ukrainanyň Prezidentiniň habar bermegine görä Russiýanyň Sumydaky harby güýçji 53 müň esger töweregi.

Öwren
Pakistan bilen Malaýziýa howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar
Ýaponiýada oýun merkezini oda berip 5 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan tussagly asylyp öldürildi
Siriýadan Daşary işler ministri derejesinde 19 ýyl soň Pakistana ilkinji sapar guraldy
Indoneziýada bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 71 adama ýetdi
Russiýanyň Ukrainanyň paýtagtyna guran hüjüminde 8 adam ýogaldy, 33 adam ýaralandy
Russiýa bilen Ukraina BAE-niň araçylygy bilen 103 tussaglyny 103 tussagla çalşdylar
Braziliýada ýük ulagy bilen awtobusyň kakyşmagy sebäpli 21 adam ýogaldy
KDR-da Ebola bilen kesellän adamlaryň sany artýar
Eýranyň Mejlisiniň Başlygy Kalibaf Yrakda saparda bolýar
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn sebäpli dokuz adam ýogaldy
Hytaýyň Syçuan welaýatynda binanyň diwarynyň çökmegi netijesinde bäş adam ýogaldy
Britaniýada salmonella epidemiýasy sebäpli 1 adam ýogaldy, 207 adam bellige alyndy
Tramp Ormuz bogazyny "ABŞ-nyň territoriýasy" hökmünde görkezýän suraty paýlaşdy
“Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa täze köp blokly dünýä ulgamyny gözleýär”
Ukrainanyň birnäçe hepde bäri rus hüjümlerine garşy “Patriot” ulanyp bilmeýändigi öňe sürüldi
Fransiýa tokaý ýangynlaryna garşy göreşine goldaw beren ýurtlara minnetdarlyk bildirdi
Filippinde mekdebe guralan ýaragly hüjümde 4 adam ýogaldy
UKMTO: “Ormuz bogazynda bir gämi nyşana alyndy”
Ysraýyl Siriýanyň Idlib welaýatyndaky Abu Zuhur harby howa menziline hüjüm gurady
Russiýanyň Ukraina guran howa hüjüminde 4 adam ýogaldy