Kolumbiýanyň günbatarynda partlaýjy maddalar bilen guralan hüjümde azyndan 13 adam öldi, 17 adam ýaralandy.
Polisiýa gullugyndaky habar çeşmeleri “Reuters” agentligine adam pidalarynyň bardygyny tassyklady.
Resmiler hüjümiň jogapkärçiliginiň FARC atly gozgalaňçy oppozisiýa toparynyň elementlerindedigini beýan etdiler.
Hüjüm Kauka welaýatynyň paýtagty Popaýan şäherine takmynan 35 km uzaklykdaky Kajibio şäher häkimliginiň El Tunel sebitindäki Pan-Amerikan awtoýolunda guraldy.
Kauka welaýatynyň gubernatory Oktawio Guzman hüjümiň şenbe güni welaýatda habar berlen birnäçe jenaýatçylykly hereketleriň biri bolandygyny aýtdy.
Guzman: “Kauka bu wagşylyga ýeke özi garşy durup bilmez. Biz gyssagly jogaplary talap edýän terroryň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys” diýdi.
Gubernator milli hökümeti jemgyýetçilik tertibiniň agyr krizisi ýagdaýynda "aýgytly, dowamly we netijeli çäreleri" görmäge çagyrdy.














