TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi
Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri İbrahim Ýumakly Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýanyň hem tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek üçin Türkiyeden goldaw sorandygyny we Fransiýa iki ýangyn söndüriji uçaryň iberilendigini mälim etdi.
Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi
Türkiye Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa ýangyn söndüriji uçarlaryny iberdi

Türkiye Ýewropada ençeme gün bäri dowam edýän tokaý ýangynlaryna garşy göreşmek üçin Ispaniýadan soň indi bolsa Fransiýa howadan goldaw berýär.

Türkiyäniň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň görkezmesine laýyklykda, ozal Ispaniýa iberilen iki ýangyn söndüriji uçardan soň, indi bolsa Fransiýanyň goldaw berilmek baradaky haýyş esasynda bu ýurda iki ýangyn söndüriji uçarynyň iberilendigini mälim etdi.

Ýumakly Ýewropada dowam edýän tokaý ýangynlarynyň, ýangyna garşy göreşmegiň nähili kyndygyny ýene-de bir gezek görkezýändigini aýtdy we Türkiyäniň öz serişdeleri we tejribesi bilen diňe öz tokaýlaryny goramak üçin däl, eýsem zerur bolan halatynda, beýleki ýurtlaryň tokaýlaryny hem goramak üçin öz üstüne jogapkärçilik alandygyny nygtady.

Ýumakly, Türkiyäniň Ispaniýa beren goldawyndan soň, indi bolsa Fransiýanyň soran kömek talabyna hem tiz wagtda jogap berendigini belläp: "Tokaýlar bize amanat edildi; olar geljekki nesillere galdyrjak iň gymmatly mirasymyzdyr. Bu düşünje bilen, serhetaşa jebisligimizi we göreşimizi berk dowam etdireris" diýip nygtady.

Öwren
Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty geçirler
Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndy
Ýunus Emre Instituty Türk Dili Boýunça  Halkara Derejesinde Ykrar Edilýän Synag (TYS) Geçirýär
Prezident Rejep Taýyp Erdogan Liwan Respublikasynyň Prezidenti Jozef Oun bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Yragyň Ýokary kazyýet geňeşiniň başlygy Zeýdany kabul etdi
Türkiyede adamlaryň ortaça ýaşy 78,5 ýyla ýetdi
Türkiýe ählumumy ynsanperwerlik kömeginiň gerimini giňeldýär we 85 ýurda goldaw berýär
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Yragyň Premýer ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Aýasofýanyň ybadata açylmagynyň 6-njy ýyly bilen gutlady
Türkiye ysraýylly ministriň Aksa metjidinde reýd geçirmegine reaksiýa bildirdi
Türkiyäniň AKÝA torpedosy hakyky ot açyş synagynda nyşana alnan gämini ýok etdi
Türkiye: "Biz 90 ýyl bäri Montrýo bogazlary konwensiýasyny üns bilen ýerine ýetirýäris"
Daşary işler ministri Hakan Fidan katarly kärdeşi bilen duşuşdy
Egeý deňzinde 39 migrant tussag edildi, 8-si bolsa halas edildi
Türkiýe 4 aýda 23,5 million dollarlyk doňdurma eksport etdi
Malatýanyň Battalgazi etrabynda 5 bal ululygynda ýer titredi
15-nji iýuldan soň Daşary syýasat we Türkiyäniň geljekki maksatnamalary
15-nji Iýuldan Soňky Energetika Syýasatlary
FETÖ-niň Goranmak senagatyna garşy sabotažlary we möhüm taslamalar