Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-nyň Eýrana hüjüm etmeginiň "ýalňyş" boljakdygyny aýtdy we Waşington bilen Tährany öz aralaryndaky düşünişmezçilikleri diplomatiýa arkaly çözmäge çagyrdy.
Çarşenbe güni “Al Jazeera” teleýaýlymyna beren interwýusynda Fidan Eýran bilen dartgynlylygyň artmagy we ABŞ-nyň Ýakyn Gündogara harby güýçlerini ýerleşdirmegi bilen sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, “urşu täzeden başlamagyň nädogrydygyny” aýtdy.
Iki ýurduň arasyndaky berk ritorika garamazdan, diplomatik çözgüdiň henizem mümkindigini nygtan Fidan: "Eýran ýadro meselesi boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýar" diýdi.
Fidan ABŞ-nyň resmilerine Eýran bilen baglanyşykly meseleleri giňişleýin däl-de, tapgyrlaýyn çözmegi maslahat berdi. “Amerikan dostlarymyza maslahatym Eýran baradaky faýllary bir-birden ýapmakdyr. Ýadro bilen başlaň, ony ýapyň, soňra beýlekilerine geçiň” diýdi.
“Eger ähli temalary bir faýlda hödürleseňiz, eýranly dostlarymyz üçin ony özleşdirmek, hakykatdanam işläp düzmek we durmuşa geçirmek örän kynlaşar” diýip aýdan Hakan Fidan: “Käwagt bu olara kemsidiji ýaly bolup görünmegi mümkin. Muny diňe olara däl, eýsem ýolbaşçylara hem düşündirmek kyn bolar” diýip belledi.
Daşary işler ministri Fidan şeýle hem Eýranyň sebit tertip-düzgüninde "gowy orun" tapyp biljekdigini, ýöne goňşy ýurtlar bilen ynamy ýola goýmalydygyny aýtdy. Hakan Fidan: "Eýranlylar sebitde ynamy ýola goýmaly. Olar sebitdäki ýurtlaryň özlerini nähili kabul edýändigine üns bermelidirler; sebäbi olar hiç ýere gitmeýärler, biz hem gitmeýäris" diýdi.
Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan şeýle hem dürli ideologiýalara we messeplere garamazdan, sebitdäki ýurtlaryň milli-döwlet ulgamynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtady.















