Söwda ministriniň orunbasary Özgür Wolkan Agar, Başar Asadyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň agdarylmagyndan soň Siriýadaky syýasy wakalar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gowulaşmagy netijesinde Türkiyäniň Siriýa eksportynyň 2025-nji ýylda 54,1 göterimlik artyş bilen 3 milliard dollardan geçendigini habar berdi.
Özgür Wolkan Agar Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, Türkiyäniň Siriýa eksportynyň geçen ýyl 1,95 milliard dollara deň bolandygyny we goňşy ýurda iberilýän harytlaryň örän artandygyny mälim etdi.
Agar Türkiýäniň ýanwar-noýabr aýlary aralygyndaky jemi haryt eksportynyň 270,6 milliard dollara ýetendigini belläp, ýylyň jemleýji görkezijileriniň 2026-njy ýylyň ýanwarynda geçiriljek eksport bahalandyrma dabarasynda yglan ediljekdigini beýan etdi.
Ministriň orunbasary dabara öňümizdäki ýylyň eksport maksatlaryny yglan etjek Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň hem gatnaşjakdygyny aýtdy.
Agar Türkiyäniň hyzmatlar pudagynda daşary söwda artykmaçlygyna eýe bolan ýurtdugyna ünsi çekip, ýanwar-noýabr aýlary aralygynda hyzmat eksportynyň 122,5 milliard dollara ýetendigini belledi. Noýabr aýynda jemi haryt we hyzmat eksporty 393,1 milliard dollara ýetdi.
Agar: “Maksadymyz 2026-njy ýyla çenli häzirki görkezijilerden ep-esli öňe geçmekdir” diýdi.
Agar Türkiyäniň goňşy ýurtlara eksportda möhüm rol oýnamagyny dowam etdirýändigini aýtdy we geçen ýylyň dekabrynda Başar Asadyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň agdarylmagyndan soň Siriýa bilen söwda gatnaşyklarynyň giňelendigini belledi.

















