DÜNÝÄ
3 minut okamak
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Sişenbe güni Tähranda, Tel-Awiwde we Aýlag ýurtlarynyň paýtagtlarynda partlamalar boldy.
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady / TRT World
Duş 2 Ýek

Sişenbe güni Ýakyn Gündogarda birnäçe ýurda hüjüm guraldy. Ysraýyl Liwany bombalady we ABŞ-nyň Saud Arabystanynyň paýtagty Riýaddaky ilçihanasyna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guraldy.

Ysraýyl bilen ABŞ şenbe gününden bäri Eýrana harby hüjüm guraýar. Hüjümler sebäpli dini lider Ali Hamaneý bilen birlikde eýranly ýokary derejeli birnäçe resmi öldürildi. Hüjümler ýüzlerçe adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp boldy.

Tähran hem Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine raketa we dron hüjümlerini guraýar.

Çaknyşyklar sişenbe güni dördünji gününe girdi, emma dartgynlyk dowam edýär.

Kuweýt, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar, Bahreýn, Oman, Iordaniýa, Siriýa we Yrak ýaly 9 arap ýurdy Eýranyň, Ysraýyl bilen ABŞ-nyň bilelikdäki hüjümine gaýtawul görkezmegi sebäpli soňky 3 günde ýitgi çekendiklerini mälim etdi.

Eýranyň Ysraýyla we Aýlag ýurtlaryna guraýan soňky hüjümleri:

Tähranda partlamalar

Söweşiň dördünji gününde Eýranyň paýtagty Tähranda güýçli partlamalar boldy.

Partlamalaryň Tähranyň demirgazygynda bolandygy habar berildi, emma mesele hakynda giňişleýin maglumat berilmedi.

Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Tährandan daşary Karaž we Yspyhan şäherinde partlamanyň bolandygyny habar berdi.

Omana we Yraga uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guraldy

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sişenbe güni uçarmansyz howa ulaglarynyň Omanda portdaky ýangyç tankerini nyşana alandygyny habar werdi. Wakada adam pidasynyň çekilmändigi nygtaldy.

Oman Eýrana guralan hüjümlerden öň Tähranyň ýadro maksatnamasy meselesinde ABŞ bilen Eýranyň arasynda geçirlen gepleşiklere töwellaçylyk edýärdi.

Bahreýn we Katar, Eýrandan atylan 170-den gowrak raketa bilen onlarça drony hatardan çykarandyklaryny mälim etdi.

Bahreýn bilen Katar tarapyndan sişenbe güni berlen beýannamada, ABŞ bilen Ysraýylyň guraýan bilelikdäki hüjümine garşy Eýranyň ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm guramaga dowam edýändigi, soňky 3 günde Eýrandan atylan 170-den gowrak raketanyň we onlarça dronyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygy bellenildi.

Katar raýatlaryna parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş etdi

Kataryň Goranmak ministrligi, hüjümleriň başlan gününden bäri howa giňişligine 101 ballistiki raketa bilen 39 kamikaze hüjüminiň guralandygyny aýtdy.

Howa goranyş ulgamlarynyň 24 drony hatardan çykarandygy nygtaldy. Galan dronlaryň adam pidasyna sebäp bolup bolmandygy hakynda maglumat berilmedi.

Kataryň Goranmak ministrligi raýatlaryna parasatly çemeleşmekleri, berlen buýduryşlara gulak asmaklary we resmi maglumatlara üns bermekleri üçin çagyryş etdi.

 

ABŞ-nyň Riýaddaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadyň ilçihanalar zolagyndan partlama sesleri eşildi we gara tüsse göterildi.

Saud Arabystanynyň Goranmak ministrligi, uçarmansyz 2 howa ulagynyň ABŞ-nyň Riýaddaky ilçihanasyny nyşana alandygyny, hüjümiň ýangyna sebäp bolandygyny habar berdi.

Ilçihana hüjüm habaryny tassyklady we halka ilçihanalar zolagyndan çetde durmaklary üçin çagyryş edildi. Ilçihananyň sişenbe güni ýapyk boljakdygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Kuweýtdäki ilçihanasy ýapyldy

AFP habarlar gullugy Eýranyň Kuweýde guran hüjümleri sebäpli ilçihanadan gara tüssäniň göterilmeginden 1 gün soň, ABŞ-nyň Kuweýtdäki ilçihanasynyň ýapylandygyny habar berdi.

Eýran Ormuz bogazyndaky gämileri ýakar

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň generaly nebit-gazyň daşalýan esasy ugurlaryndan biri bolan Ormuz bogazyndan geçmäge çalyşan gämileri ýakmak bilen hemle atdy.

General Sardar Jabbari Telegramdan beren habarnamasynda “Nebit turba geçirijilerine hüjüm ederis. Sebitden ýekeje damja nebitiň çykmagyna rusat bermeris. Nebitiň bahasy ýakynda 200 dollara ýeter” diýdi.

Tel-Awiwde partlamalar

Söweşiň dördünji gününde Eýranyň guraýan dron hüjümleri sebäpli Tel-Awiwde partlamalar boldy.

Eýran şenbe gününden bäri ABŞ bilen Ysraýylyň guraýan bilelikdäki howa hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 555 adama ýetendigini, ýogalanlaryň arasynda azyndan 165 okuwçy gyzlaryň bardygyny habar berdi.