DÜNÝÄ
2 minut okamak
Hamas Trampyň Gaza ýaraşyk meýilnamasyny gözden geçirýär
Hamasyň syýasy býurosynyň agzasy Mohammed Nazzal toparyň gutarnykly jogaby bermezden ozal tapawutly fraksiýalar we araçylar bilen geňeşmeler geçirýändigini habar berdi.
Hamas Trampyň Gaza ýaraşyk meýilnamasyny gözden geçirýär
Hamas

Hamasyň ýokary derejeli wekilleriniň biri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gazada atyşygy bes etmek baradaky teklibine ýakyn wagtda jogap beriljekdigini aýtdy.

Mohammed Nazzal Dohada Al Jazeera telewideniýesine beren beýanatynda: “Hamas köp sanly aladalaryna garamazdan  bu meýilnamany çynlakaý ara alyp maslahatlaşýar” diýip aýtdy.

Mohammed Nazzal hereketiň “wagtyň we haýbatlaryň basyşyndan uzakdabir pikire gelmäge çalyşýandygyny belläp, Palestinaly toparlaryň, garaşsyz şahsyýetler we araçylyk edýänler bilen içerki we daşarky maslahatlaryny eýýäm başladandygyny belledi.

Nazzal gutarnykly jogabyň “Palestinanyň halkynyň bähbitlerini we Palestina meselesiniň strategik esaslaryny göz öňünde tutjakdygyny” aýtdy.

Trampyň meýilnamasy

29-njy sentýabrda Ak Tam Gazada derrew ok atyşygy bes etmek, täzeden dikeldiş we sebitdäki syýasy hem-de howpsuzlyk gurluşlaryny täzeden gurmagy öz içine alýan jikme-jik teklibi hödürledi.

Meýilnama görä, Gaza ýaragsyz zona öwrülip, geçiş dolandyryş mehanizmi bilen dolandyrylar we bu mehanizm Tramp tarapyndan täze halkara gözegçilik edarasy arkaly gözegçilikde saklanar.

Meýilnamada mundan başgada, Hamas tarapyndan saklanýan ähli ysraýylly ýesirleriň 72 sagadyň dowamynda boşadylmagy, muňa derek Ysraýylda tussaglykda saklanýan ýüzlerçe Palestinaly tussaglyynyň boşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Resminama duşmançylyklaryň bes edilmegini, Palestin garşylyk toparlarynyň ýaragsyzlanmagyny we Gazadan Ysraýylyň tapgyrlaýyn çekilmegini öz içine alýar.

Soňra bu sebit tehnokratik häkimiýet tarapyndan dolandyrylar we halkara gözegçiligi ABŞ-nyň prezidenti tarapyndan amala aşyrylar.

Tramp Hamasyň bu teklibe jogap bermek üçin “üç ýa-da dört gün” wagtynyň bardygyny we bu teklibiň Gazadaky iki ýyllyk urşy soňlamaga mümkinçilik berjekdigini öňe sürdi.

Öwren
Iordaniýa: Eýranyň ýurduna guraýan hüjümlerini “bilkastlaýyn” hökmünde häsiýetlendirdi
Hindistanda sil sebäpli 17 müň 500 adam ewakuasiýa edildi
Gollandiýada ABŞ-daky we Kanadadaky 86 tonna altynyny Britaniýa getirdi
Gresiýada Günbatar Nil wirusyna ýoluganlaryň sany 290 adama ýetdi
Katar, Müsür we Iordaniýa Eýranyň Arap goňşularyna guraýan hüjümlerini ýazgardy
Ysraýyllylaryň Günbatar Şeriada iki aýry oba guran hüjüminde iki palestinaly ýogaldy
Tramp Eýran bilen urşuň tamamlanandygyny yglan etmegi göz öňünde tutýar
Russiýa Moskwany nyşana alan 37 drony urup düşürendiklerini mälim etdi
Russiýa: Ukrainanyň logistika merkezlerine we harby maksatlar üçin ulanylýan gämilere hüjüm guradyk
ABŞ-nyň Minneapolis şäherinde bolan atyşykda iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýrana guran soňky hüjüminde azyndan 18 adam ýogaldy
Germaniýada demir ýol menziliniň golaýynda partlama boldy
Nepal-Hytaý serhedinde bolan sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsürde bolan awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy
Russiýa: Eýranyň S-300 howa goranyş ulgamy täsirli işleýär
Ganhor Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 73 müň 462 adama ýetdi
Siriýanyň Idlib welaýatynda ok-däri ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 adam ýogaldy
ABŞ Yraga 800 million dollarlyk harby enjam satar
BAE: Eýranyň duşmançylykly hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmek bilen hemle atdy
Modi bilen Pezeşkiýan Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy