Hamasyň ýokary derejeli wekilleriniň biri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Gazada atyşygy bes etmek baradaky teklibine ýakyn wagtda jogap beriljekdigini aýtdy.
Mohammed Nazzal Dohada Al Jazeera telewideniýesine beren beýanatynda: “Hamas köp sanly aladalaryna garamazdan bu meýilnamany çynlakaý ara alyp maslahatlaşýar” diýip aýtdy.
Mohammed Nazzal hereketiň “wagtyň we haýbatlaryň basyşyndan uzakda” bir pikire gelmäge çalyşýandygyny belläp, Palestinaly toparlaryň, garaşsyz şahsyýetler we araçylyk edýänler bilen içerki we daşarky maslahatlaryny eýýäm başladandygyny belledi.
Nazzal gutarnykly jogabyň “Palestinanyň halkynyň bähbitlerini we Palestina meselesiniň strategik esaslaryny göz öňünde tutjakdygyny” aýtdy.
Trampyň meýilnamasy
29-njy sentýabrda Ak Tam Gazada derrew ok atyşygy bes etmek, täzeden dikeldiş we sebitdäki syýasy hem-de howpsuzlyk gurluşlaryny täzeden gurmagy öz içine alýan jikme-jik teklibi hödürledi.
Meýilnama görä, Gaza ýaragsyz zona öwrülip, geçiş dolandyryş mehanizmi bilen dolandyrylar we bu mehanizm Tramp tarapyndan täze halkara gözegçilik edarasy arkaly gözegçilikde saklanar.
Meýilnamada mundan başgada, Hamas tarapyndan saklanýan ähli ysraýylly ýesirleriň 72 sagadyň dowamynda boşadylmagy, muňa derek Ysraýylda tussaglykda saklanýan ýüzlerçe Palestinaly tussaglyynyň boşadylmagy göz öňünde tutulýar.
Resminama duşmançylyklaryň bes edilmegini, Palestin garşylyk toparlarynyň ýaragsyzlanmagyny we Gazadan Ysraýylyň tapgyrlaýyn çekilmegini öz içine alýar.
Soňra bu sebit tehnokratik häkimiýet tarapyndan dolandyrylar we halkara gözegçiligi ABŞ-nyň prezidenti tarapyndan amala aşyrylar.
Tramp Hamasyň bu teklibe jogap bermek üçin “üç ýa-da dört gün” wagtynyň bardygyny we bu teklibiň Gazadaky iki ýyllyk urşy soňlamaga mümkinçilik berjekdigini öňe sürdi.











